Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti ABŞ-“Talyban” ylalaşygynyň esasy bölegine şübhe bildirdi


ABŞ, "Talyban" owgan parahatçylyk ylalaşygyna gol goýdular
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:14 0:00

ABŞ, "Talyban" owgan parahatçylyk ylalaşygyna gol goýdular

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ABŞ bilen “Talybanyň” arasynda Owganystandaky 18 ýyllyk urşy togtatmak maksady bilen baglaşylan ylalaşykda, owgan hökümetiniň bu jeňçi topary bilen gepleşiklere başlamagy üçin goýlan şerte şübhe bildirdi.

Aýdylmagyna görä, Gani öz hökümetiniň, 29-njy fewralda baglaşylan ylalaşykda bellenilşi ýaly, tussaglykdaky 5 müň “Talyban” jeňçisini azatlyga goýbermek barada hiç hili borçnamany öz üstüne almandygyny nygtapdyr.

“5 müň tussagy boşatmak barada hiç hili borçnama ýok” diýip, AFP gullugy Ganiniň 1-nji martda aýdandygy barada maglumat berdi.

“Bu owgan-ara gepleşikleriniň gün tertibine girizilip bilner, emma bu gepleşikleriň başlanmagy üçin şert bolup bilmez” diýip, owgan prezidenti sözüne goşupdyr.

“Owganystanda parahatçylygy ornaşdyrmak ” baradaky ylalaşygyň şertlerine görä, owgan-ara gepleşikleriniň birinji gününe, ýagny 2020-nji ýylyň 10-njy martyna çenli owgan hökümeti tarapyndan saklanylýan “Talyban” toparynyň “bäş müňe golaý”, beýleki tarapyň hem saklaýan “bir müňe golaý... tussagy azat edilmeli”.

29-njy fewralda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerleriniň “dessine” çykarylyp başlanjakdygyny aýtdy.

Waşington bilen Kabulyň bilelikdäki beýanatyna görä, eger-de “Talyban” ylalaşygyň şertlerine ygrarly bolup galsa, onda 14 aýyň dowamynda ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň ýurtdaky ähli güýçleri çykarylar.

XS
SM
MD
LG