Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýal-gyzlara ‘prezidentiň adyndan’ $3 dollar ‘sowgat’ berilýär


Soňky ýyllarda türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilýär.
Soňky ýyllarda türkmen telewideniýesinde aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan pursatlary görkezilýär.

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara 60 manat pul sowgatlary gowşurylar. Bu baradaky degişli buýruga prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji fewralda gol goýdy.

“Pul sowgatlary çagalar edaralarynda terbiýelenýän, orta mekdeplerde bilim alýan gyzlara, Döwlet gullugy akademiýasynda, aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada, ýokary okuw we ýörite hünärment mekdeplerinde okaýan gelin-gyzlara, şeýle hem býujet edaralarynda zähmet çekýän hem-de pensiýa we döwlet kömek pullaryny alýan aýal-gyzlara gowşurylmalydyr” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, 60 manat möçberdäki pul sowgatlary “Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan sowgat” hökmünde 2020-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda “dabaraly ýagdaýda” gowşurylar.

Türkmen mediasynda bu pul serişdesiniň prezidentiň adyndan sowgat berilýändigi aýdylsa-da, onuň gelip çykýan çeşmesi barada anyk bir zat aýdylmaýar.

Häzirki wagt 60 manat möçberdäki pul sowgatlary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi kursy boýunça $17, gara bazaryň kursy boýunça $3 barabardyr.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly aýal-gyzlaryň we ýerli synçylaryň ençemesi häzirki ykdysady şertlerde bu pul serişdesine 3 kilogram kartoşkanyň düşýändigini aýdyp, onuň dabaraly ýagdaýda yglan edilmeginiň we gowşurylmagynyň “aýal-gyzlary kemsitmekden başga zat däldigini” belleýär.

Maňlaýa sylynýan 40 manat
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

“3 dollar baha kesilen aýal-gyzlaryň köpüsi närazy. Olar 3 kilogram kartoşkanyň puluny döwlet derejesinde yglan edip bermegiň geregi ýokdugyny aýdýarlar. Sebäbi häzir daşary döwletleriň iň arzan duhisi-de 600 manatdan bahalanýar. 3 sany bägül gülüniň bahasy 100 manada deň” diýip, aşgabatly zenan gizlinlik şertinde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň fonunda, bu pul serişdesiniň işsiz, öýünde oturan aýal-gyzlara berilmeýändigine hem ünsi çekip, şeýle diýýär:

“Işsiz käbir aýallar 1 köpüge-de zar. Ýöne olara bu pul sowgady berilmeýär. Olaryň arasynda hususy daýhan hojalyklarynda kärendeçi bolup işleýän aýal-gyzlar, mekdebe, çagalar bagyna gatnamaýan gyzjagazlar bar. Bu işsiz türkmen aýal-gyzlarynyň mertebesini depelemek, olara deň çemeleşmezlik ýaly bolýar” diýip, aşgabatly zenan aýtdy.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda aýal-gyzlaryň pul sowgadyny maňlaýyna sylyp alýan we prezidente alkyş aýdýan pursatlary görkezilýär.

Bu pul sowgadynyň möçberi, manadyň hümmetiniň nähili üýtgeýändigine garamazdan, 8 ýyllap 40 manat derejesinde saklanyp gelýärdi.

Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykarylan kararyň birinji bölegi güýjüni ýitirdi we pul sowgadynyň möçberi 60 manada köpeldildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG