Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakgal – "ynamsyzlyk" alamatymy? Şinjiangdaky musulmanlaryň yzarlanyşy barada syzyp çykan soňky maglumat


Şinjiang welaýatynyň Hotan şäheriniň ýaşaýjylary barlagdan geçip bazara girýärler.
Şinjiang welaýatynyň Hotan şäheriniň ýaşaýjylary barlagdan geçip bazara girýärler.

Günbataryň köpçülikleýin habar serişdeleriniň eline düşen bu maglumat bazasynda, Hytaý hökümetleriniň Şinjiangda ýaşaýan müňlerçe musulmanlaryň ykbalyna nähili çemeleşýändigi, olaryň «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerine» salynýandygy barada faktlar bar.

Ol dokumentde 311 ýaşaýjy hakda informasiýa jemlenipdir. Olaryň ählisi Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang welaýatyndan. Ol adamlaryň şahsy durmuşy hem maşgala ýagdaýy, olaryň dini ynançlary barada jikme-jik maglumat berýän dokument Britaniýanyň BBC habarlary hem-de Amerikanyň Associated Press informasiýa agentligi tarapyndan köpçülige ýetirildi. Giň çäkdäki tablisada şol 311 adamyň iki müňden gowrak garyndaşlarynyň, goňşularynyň hem dostlarynyň atlary geçýär.

Meselem, ol dosýede 65 ýaşly Ýusup barada şeýle ownuk detallara çenli agzalyp geçilýär. BBC habar gullugynyň aýtmagyna görä, Ýusup hakdaky häsiýetnamada, onuň iki gyzynyň «2014 hem 2015-nji ýyldan bäri hijap hem çadyra atynýandygy» aýdylýar. Onuň ogly yslamy syýasata getirmek isleýär. Ýusubyň maşgalasy bolsa «han hytaýlaryna açyk garşy» pikirde, ýagny etniki hytaýlylara garşy. Ýusuba görlen çäre - «lagerde» «okuwy dowam etdirmeli».

Ol tablisanyň dikligine bir böleginde internirlenenleri, ýagny bendi edilenleri «lagerde» saklamak gerekmi ýa-da olara bu edaradan çykyp gitmäge rugsat bermelimi diýen görkezme bar. Şeýle hem azat edilenleriň bu ýere gelmegi hakdaky bellikler ýerleşdirilipdir.

Kompýuter maglumatlaryndan syzyp çykan we atlary sanawda getirilýän şol 311 adamyň ählisi Karakaş uýezdiniň ýaşaýjylary, ol oba Şinjiangyň günorta bölegindäki Hotan şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Şol sebitiň esasy köpçüligini uýgurlar düzýär.

Şinjiang welaýatynyň Hotan şäherindäki «Syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş» lageri. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.
Şinjiang welaýatynyň Hotan şäherindäki «Syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş» lageri. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.

BBC tarapyndan bellenmegine görä, şol sanawda atlary geçýänleriň köpüsiniň doganlary, aýal doganlary ýa-da garyndaşlary tutulandan soň, hökümetler tarapyndan «ynamlylyk» meselesinde şübhe döredendigi üçin, uzak möhletleýin tussaglyga höküm edilipdir. Sanawda ady geçýän bir adam «iki reňkdäki gür sakgaly bolany hem-de dini edebiýatlary okamagy esaslandyrany üçin» bäş ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilipdir. Onuň goňşusy bolsa «Internetde daşary ýurtly adamlar bilen gatnaşyk saklany» üçin, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

«Bu örän geň dokument meniň häzire çenli şaýat bolanlarymdan has ynandyryjy faktlary özünde jemleýär. Pekin dünýä tejribesinde däp bolup gelýän dini ýörelgäni örän aktiw yzarlaýar hem olary jezalandyrýar» diýip, düýbi Waşingtonda ýerleşen «Kommunizm pidalarynyň hatyra fondunyň» uly ylmy işgäri Adrian Zents aýdýar.

Zentsiň atlandyryşy ýaly «Karakaş sanawy» Pekiniň islendik dine hem dini ynanja «ynamsyzlyk alamaty» hökmünde garaýandygyna şaýatlyk edýär. Häzir Günbataryň habar serişdeleriniň eline gowşan ol sanawyň tassyklamagyna görä, Pekin başga pikirlilere toparlaýyn çemeleşip, olary köpçülikleýin jogapkärçilige çekýär, tutuş maşgalany «syýasy taýdan täzeden terbiýeleýiş lagerine» iberýär.

Aýallar Hotan şäheriniň bazarynyň girelgesindäki tikenli simleriň öňünde. Hytaýyň Şinjiang welaýaty. 2019-njy ýylyň 31-nji maýy.
Aýallar Hotan şäheriniň bazarynyň girelgesindäki tikenli simleriň öňünde. Hytaýyň Şinjiang welaýaty. 2019-njy ýylyň 31-nji maýy.

BMG-niň maglumatyna görä, 2018-nji ýylda Şinjiangdan bolan bir milliona golaý etniki uýgurlar we beýleki türki dilli musulman halklar Pekin tarapyndan «kontrekstremist merkezi» diýilýän edaralara gabaldylar.

Şeýle hem BMG millionlarça adam Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşen «täzeden terbiýeleýiş» mejbur ediji lagerine salnypdyr.

Pekin ol «lagerleri» «tälim beriji merkez» diýip atlandyrýar. Hytaý resmileriniň sözüne görä, ol edaralar adamlaryň terroristleriň toruna düşmezligine kömek hem jemgyýete ýaňadan gaýdyp gelmegine ýardam üçin döredilipdir. Hytaýyň hökümetleri ol ýerde professional hünär öwrenen adamlar gowy iş tapyp bilýärler hem öz durmuş şertlerini ýokarlandyrýar diýýär. Ýöne barlagçylar hem žurnalistler beýle düzgüniň mejbur ediji çäreleri geçirmek üçin döredilendigini aýtdylar.

Hytaýyň ol «lagerlerinde» bolan etniki gazaklar ol ýerden gutulyp, Gazagystana gelenlerinden soň, Şinjiangdaky gysyşlar hem yzarlamalar barada gürrüň berdiler. Olaryň şaýat bolan ýagdaýy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýaýrady. Halkara guramalary Pekiniň uýgurlar, gazaklar, gyrgyzlar hem şol sebitde ýaşaýan beýleki milletler babatynda alyp barýan syýasatyny tankytlaýarlar. Özüniň ägirt güýçli goňşusyna ykdysady taýdan garaşly bolan Gazagystan hökümetleri Hytaýyň adyna tankyt aýtmakdan gaça durýar.

Geçen ýylyň oktýabrynda Gazagystanyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi Hytaýyň Şinjiangdaky «syýasy taýdan täzeden terbiýelenýänleriň lagerinde» «häzirki wagtda etniki gazaklar ýok» diýdi. Ondan iki aý soň, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bolsa german neşiri Deutsche Welle bilen geçirilen interwýuda Gazagystan «global antihytaý frontynyň territoriýasynda durmaly däl» diýdi. Tokaýew şeýle hem ynsan hukuklaryny goraýjy köp sanly halkara guramalaryň Hytaýyň Şinjiang regionynda türki dilli musulman halklaryň yzarlanýandygy baradaky maglumatlary «hakykata laýyk gelmeýär», etniki gazaklar barada aýdylanda bolsa «şu temanyň töwereginde nähilidir meseläni gyzdyrmak meýili gidýär» diýip belledi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG