Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy döwlet ýadro kompaniýasynyň öňki başlygyny tussaglykdan boşatdy


2009-njy ýylyň iýulynda gazak paýtagtyndaky türmede oturan Muhtar Džakişew.
2009-njy ýylyň iýulynda gazak paýtagtyndaky türmede oturan Muhtar Džakişew.

3-nji martda Gazagystanyň sudy döwlet eýeçiligindäki ýadro kompaniýasynyň öňki başlygy Muhtar Džakişewi türme tussaglygyndan boşatdy. Köp adamlar 2010-njy ýylda Džakişewiň korrupsiýa aýyplamalarynda höküm edilmegini syýasy matlaply diýip tankyt edipdi.

Džakişew özüniň 14 ýyllyk türme tussaglygynyň ortaça 11 ýylyny berjaý etdi. Onuň maşgalasy we tarapdarlary Džakişewiň saglyk ýagdaýlary sebäpli tussaglykdan boşadylmagyna çagyryş etdiler.

3-nji martda Semei şäherinde geçirilen sud diňlenişigi Džakişewiň garyndaşlary tarapyndan göni efirde görkezildi.

Džakişew 2000-nji ýyllaryň başynda “Kazatomprom” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýärdi we ol oppozision syýasatçy Muhtar Ablýazowyň dostudy. Ablýazow şol döwürdäki prezident Nursultan Nazarbaýew bilen tersleşip, nebite baý ýurtdan gaçyp gidenden soňra, Džakişew türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG