Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanda günbatarly tigirçilere hüjüm etmekde günäli tapylan tussag türmede öldi


Hussein Abdusamadow

2018-nji ýylda Täjigistanda dört günbatarly tigirçini öldüren hüjümçi toparyň aman galan iň soňky agzasy Duşenbedäki türmede aradan çykdy diýip, 3-nji martda täjik häkimiýetleri we onuň dogan-garyndaşlary aýtdylar.

35 ýaşly Hussein Abdusamadow 2018-nji ýylyň iýulynda Duşenbe-Dangar ýolunda daşary ýurtly tigirçileri öldürmekde günäli tapylyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Abdusamadowyň ölüminiň sebäpleri häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

2018-nji ýylyň 29-njy iýulynda Täjigistanyň günortasynda dört, ýagny ABŞ-ly bir erkek we bir aýal maşgala, bir gollandiýaly we bir şweýsariýaly welosipedçi öldürilipdi. Hüjümde tigirçileriň üstüne ilki maşyn sürülipdi, soňra ulagdan düşen birnäçe adam aman galan tigirçileri pyçaklapdy.

Hüjümde beýleki iki welosipedçi aman galmagy başarypdy.

Resmiler hüjümi amala aşyran bäş hüjümçiden diňe biriniň, ýagny Abdusamadowyň diri galandygyny, beýlekileriniň bolsa howpsuzlyk güýçleriniň operasiýasynda öldürilendigini aýdypdylar.

Täjigistanyň Adalat ministrliginiň resmisi Mansurdžon Umarowyň 3-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Abdusamadowyň ölümi bilen bagly derňew işleri başladyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG