Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýanyň premýer-ministri ÝB-ni bosgun ylalaşygy boýunça Türkiýä töleg geçirmezlikde aýyplaýar


Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow we türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan.

2-nji martda Bolgariýanyň premýer-ministri Boýko Borisow türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogana goşulyp, Ýewropa Bileleşigini (ÝB) 2016-njy ýyldaky bosgun ylalaşygynyň şowsuzlyga uçramagynda aýyplady. Bu waka Siriýada dartgynlygyň artmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Borisow we Erdogan Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine goýberýän täze bosgun akymynymaslahat etmek üçin Ankarada geçiren duşuşyklaryndan soň, žurnalistleriň öňünde çykyş etdiler.

Erdogan müňlerçe bosguna “gapylaryň açylmagy” boýunça özüni aklap çykyş etdi we ÝB-ni 3 million çemesi siriýaly bosguny ýerleşdirmek üçin Türkiýä 6 milliard ýewrony ($6,68 milliard) tölemezlikde aýyplady.

“Biz 40 milliard ýewrodan gowrak ($44,56 milliard) pul sarp etdik. Olar [Brýussel] wada berlen 6 milliard ýewrony goýbermediler. Indi olar 1 milliard [ýewrony] berjekdiklerini aýdýarlar. Siz kimi aldaýarsyňyz? Biz bu puly indi islemeýäris. Biz bu puly taparys” diýip, Erdogan aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi “bu puly Türkiýä bermek barada ses berdi... Men munuň näme üçin berilmändigine düşünmeýärin” diýip, Borisow belledi.

Ýewropa Komissiýasy pul serişdesiniň gös-göni Türkiýe döwletine däl-de, bosgunlara ýardam berýän guramalara geçirilendigini nygtap gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG