Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow koronawirusy we Siriýany maslahat etmek üçin Finlýandiýa bardy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi iş sapary bilen 3-nji martda Finlýandiýa bardy. Ol bu ýerde Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto we daşary işler ministri Pekka Haawisto bilen duşuşyp, täze dörän koronawirusy we Siriýadaky konflikti maslahat eder.

Lawrow Haawisto bilen jikme-jik gepleşikleri geçirip, aýratynlykda Niinisto bilen hem duşuşar diýip, Russiýanyň “TASS” döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, ministrler ikitaraplaýyn we regional gün tertipdäki aktual meseleleri “gyzykly, açyk we däp bolan görnüşde maslahat ederler” we halkara meseleleri boýunça pikir alyşarlar.

Bütindünýä Saglyk guramasynyň koronawirus barada her gün çap edýän maglumatynda 2-nji martda Finlýandiýada bu wirus bilen kesellän adamlaryň jemi sanynyň 6-a we Russiýada 2-ä deň bolandygy mälim edildi.

Eýranyň resmileri koronawirusyň 1500-den gowrak adama ýokuşandygyny we ondan 66 adamyň, şol sanda ýokary derejeli resminiň ölendigini yglan etdiler.

Bu wirus geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň Wuhan şäherinde döredi.

XS
SM
MD
LG