Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Resmi ýazgysy bolmadyk özbeklere paýtagtda emläk satyn almaga rugsat berildi


"Biziň öz adamlarymyzy 30 ýyllap çäklendirip saklanymyz dogry” diýip, Mirziýoýew ýanwarda bu plany yglan edende aýtdy.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew pýatagtda ýaşaýandygy hakynda resmi ýazgysy, propiskasy bolmadyk adamlara 1-nji aprelden başlap Daşkentde gozganmaýan emläk satyn almaga ygtyýar berýän karara gol çekdi.

Döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri 2-nji martda prezident Şawkat Mirziýoýwiň sowet döwründen gelýän propiska çäklendirmelerini, ýurduň regionlarynda ýaşaýan adamlaryň paýtagtda we onuň golaýyndaky etraplarda ýaşamagyna we işlemegine girizilen gadaganlyklary ýatyrandygyny habar berdiler.

Bu çäreler Mirziýoýewiň Merkezi Aziýanyň 32 million ilatly ýurdundaky içerki migrasiýany liberallaşdyrmak ugrunda edýän tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

"Biziň öz adamlarymyzy 30 ýyllap çäklendirip saklanymyz dogry” diýip, Mirziýoýew ýanwarda bu plany yglan edende aýtdy we ýüzlerçe müň özbegi daşary ýurtlardan iş gözlemäge itekleýän praktikany bes etmek wagtynyň gelendigini nygtady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG