Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik ýaşlarynyň arasyndaky zorluk, kemsitmeler hem rehimsizlik: mesele nämelere alyp barýar?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täze halkara hasabatlaryň maglumatyna görä, Täjigistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda zorlugy hem başgany kemsitmegi halaýan «barlyşyksyz ýaş adamlar ýetişip gelýär, olar jenaýata meýilli».

Barlag işleri The Lancet medisina žurnalynda çap boldy. Onda 12 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda 7%-i zorlugy hem bullingi – köpçüligiň arasynda birini agressiw yzarlamagy goldaýar.

Göräýmäge bu statistiki maglumat onçakly ýokary däl, ýöne beýleki hasapdan Täjigistanda 5-11-nji synplar aralygynda okaýan 1 million 60 müň okuwçydan, 80 müňden gowragynyň «uly ýaşdakylaryň hiç bir sebäpsiz beýleki birine basyş etmegini, kemsidiji garaýşyny» aňladýar. Bu sanlar 2003-2015-nji ýyllar aralygynda geçirilen barlaglardan alyndy.

Täjik psihologlarynyň aýtmagyna görä, hakykatda ýagdaý ol sanlarda görkezilişinden ýaramaz, üstesine kiberbulliň, ýagny elektron aragatnaşygynyň üsti bilen birini kemsitmek, haýbat atmak ýa-da aýybyny açmak barha gerim alýar.

«Biziň bir klasdaşymyza hemmeler gömük, kellesi ýok diýýärdiler. Ony kemsidip üstünden gülýärdiler. Biz onuň kemisli doglanyndan habarsyzdyk. Biziň bir ýoldaşymyz hatda onuň kellesine hapa taşlanýan bedräni-de geýdiripdi. Barymyz gülüşdik, ol bolsa öýkeledi. Häzir ony ýatlasam utanýan. Ony hemmeler hemişe kemsidip geldiler» diýip, häzir ÝOJ-da okap ýören Rustam (ady üýtgedilip alyndy – Red.) gürrüň berýär.

Ol şol ýoldaşynyň beýlekiler ýaly bolmadygy üçin, kemsidilmä hem agressiw hereketlere duçar bolandygyna häzir düşünýändigini aýdýar.

Psihologlaryň pikirine görä, mekdepde kimdir biriniň kemsidilmegi hem masgaralanmagy ol çagada soňlugy bilen ýakymsyz yz galdyrýar. Täjik psihology Marýam Dawlatowanyň aýtmagyna görä, ýaşlar bullingiň obýekti – olar bir ösüş derejesinden beýlekä geçenlerinde, jynsy taýdan özgerenlerinde hem-de pikir-duýgy kämilligine ýeten döwürlerinde depressiýa – ruhy çökgünlige duçar bolýarlar.

«Mekdepde ýetişigi pes bolany üçin, sebäpsiz ýere okuwçynyň göwnüne degmek, ony mydama ýaňsylamak ýa-da kemsitmek ol oglanda gahar-gazaby, häsiýetindäki içki çäkliligi döredýär, ondaky tebigylyk azalýar, şol kemsidiji hereketler ol adamy bütin ömrüne yzarlaýar» diýip, psiholog aýdýar.

Hojantly mugallym Abdunabi Ergaşewiň 40 ýyldan gowrak pedagogiki tejribesi bar. Ol mekdeplerde zorlugy aradan aýyrmak programmasy boýunça BMG-niň Çagalar fondy bilen hyzmatdaşlyk saklady. «Bu problema mydama bolup geldi, sowet ýyllarynda-da, soňky garaşsyzlyk döwürde-de dowam edýär» diýip, ol belleýär.

Pedagogyň sözüne görä, ýetginjekleriň arasynda birini kemsitmek hereketi indi başga görnüşe geçipdir. «Häzir birini kemsitmek üçin, onuň sosial ýagdaýy sebäp bolup bilýär – maşgalanyň garyplygy ýa-da olaryň kakasynyň bolmazlygy. Kemsitmäniň beýleki bir giň ýaýran görnüşi özüni ‘serdar’ saýýan biri töweregine deň-duşlaryny jemläp, ‘özüne boýun egmeýän’ klasdaşlaryny basýar» diýip, gürrüňdeşimiz düşündirýär.

Abdunabi Ergaşewiň Sogdi welaýatynda şahsy gimnaziýasy bar. «Men hepdede bir gezek arza-şikaýatlar gutusyny açýan, gelen habarlary okaýan. Mundan daşary-da ýylda iki-üç gezek okuwçylaryň hem olaryň hossarlarynyň arasynda anonim sorag-jogap geçirýän. Soňra ol anketany hem arza-şikaýatlary jemläp, hasabyny çykarýan. Men mekdepde mydama açyk boldum hem çagalary diňledim» diýip, pedagog aýdýar.

Barlag geçirenleriň pikirine görä, birini kemsidiji ýagdaý ýaşlaryň arasyndaky uruşlar hem pyçaklaşma hereketi bilen deňeşdireniňde az duş gelýär. 2018-nji ýylda Täjigistanyň prezidenti öz çykyşynda «orta mekdeplerdäki hem ýaşlaryň arasyndaky toparlaýyn çaknyşyklara» alada bildirýändigini mälim etdi.

Beýleki bir täjik psihology Firuza Mirzoýewa kiberbullinge – Internet arkaly ýaýradylýan haýbatlara alada bildirýär. Onuň sözüne görä pressingleriň beýleki görnüşlerine garanda, kiberbulling 24 sagatlyk täsir ediş serişdesi bolup durýar.

Psihologyň sözüne görä, täjik ýaşlarynyň arasynda sosial ulgamda, şol sanda VKontakte ulgamy arkaly ýaýradylýan kemsidiji hereketler has köp duş gelýär. Aýratyn-da, gyzlaryň biri-birini kemsidiji herekete goşulýandygyny psiholog belleýär. «Meselem, bir gyz oglanyň adyndan akkaunt açýar-da, öz deň-duşy bilen gatnaşygy ýola goýýar. Belli bir wagt geçensoň, ol ýazyşan hatlaryny Internetde goýýar» diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Täjigistanly psihologlar hem barlagçylar mekdepdäki kemsidiji hereketi aradan aýyrmakda hossarlaryň hem çaga golaý adamlaryň aýratyn hyzmatynyň bardygyny aýdýarlar diýip, The Lancet žurnaly ýazýar. Çaganyň duş bolýan kynçylyklaryna, ony tolgundyrýan ýagdaýa hossarlaryň düşünmelidigini hem olar bilen gürleşip durmalydygyny bilermenler öňe sürýärler. Diňe şeýle ýagdaýda köp heläkçiligiň; şol sanda öz janyna kast etmegiň, zorluga daýanmagyň, mekdepdäki kemsidiji hereketleriň öňüni alyp bolar diýip, bilermenler aýdýarlar.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG