Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan syýasy hukuklar we raýat azatlyklary boýunça yzdan üçünji boldy


Türkmenistan Birleşen Ştatlaryň hökümetden aýry “Freedom House” guramasynyň “2020-nji ýylda dünýädäki azatlyk” hasabatynda mümkin bolan 100 bahadan 2 baha alyp, yzdan üçünji orna mynasyp boldy.

Syýasy hukuklar boýunça mümkin bolan 40 bahadan 0 baha, raýat azatlyklary boýunça mümkin bolan 60 bahadan 2 baha alan Türkmenistan ýene-de “azat däl” ýurtlaryň” sanawynda galdyryldy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlary tarapyndan raýat azatlyklaryny we ilatyň syýasy hukuklaryny bozmakda yzygiderli tankyt edilýär.

“Azatlyk öýi” guramasy geçen ýylda çap eden hasabatynda hem Türkmenistanyň mümkin bolan 100 bahadan iki baha alandygyny habar berdi.

Türkmenistan syýasy we raýat azatlyklary boýunça köplenç iň erbet ýagdaýdaky on ýurduň biri bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG