Azerbaýjanda uzak wagtlyk türmä basylan žurnalistiň ene-atasy häkimiýetleriň öz ogullaryny geçen aýda geçirilen parlament saýlawynda ses bermekden boýun gaçyrandygy sebäpli jezalandyrandygyny aýdýarlar.
Olaryň tassyklamagyna görä, Bakuwyň 13-nji türmesinde saklanylýan Bahruz Alyýew 9-njy fewraldaky saýlawlarda ses bermändigi üçin ýörite temmi kamerasyna geçirilipdir. Ýurduň türme-düzediş ulgamy bu aýdylýanlary ret edýär.
“Bitarap maglumat gullugyny” esaslandyran Alyýew 2018-nji ýylda tussag edilip, gorkuzyp pul almak aýyplamasy esasynda 8 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Ol bu aýyplamalary ret etdi.
Žurnalistiň ene-atasy, Ymamberdi Alyýew we Ýegana Alyýewa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde ogullaryna türmede berlen temmini 3-nji martda, ony görmek üçin türmä baranlarynda bilip galandyklaryny, Bahruzy özlerine görkezmändiklerini gürrüň berdiler.
Olar Gyzyl haç guramasyndan kömek sorandyklaryny, olaryň Azerbaýjanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiline hem-de prezident Ylham Alyýewiň edarasyna şikaýat bilen ýüz tutandyklaryny aýtdylar.
Jeza çäreleri ulgamynyň jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk bölüminiň başlygy Mehman Sadigow radio bilen söhbetdeşlikde bu jezalandyrma aýyplamalarynyň “bolgusyz gürrüňdigini” aýtdy.