Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan we Putin Siriýadaky dartgynlyklary gowşatmak üçin Moskwada duşuşýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Rus prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan iki ýurduň arasynda Siriýadaky zorluklar üstünde dörän we öz döwletlerini göni ýaragly konflikte alyp gelmek wehimini salan dartgynlyklary gowşatmak üçin Moskwada duşuşýar.

Erdogan 5-nji martda rus paýtagtynda bolýan duşuşykda Putini Siriýanyň Idlib welaýatynda derhal atyşyklary bes etmek ylalaşygyna yrmaga umyt baglaýandygyny aýtdy.

Şu aralykda, “Roýters” habar gullugy, sebitdäki uçuş we gämi hereketleri maglumatlaryna salgylanyp, Orsýetiň gepleşiklerden öň Siriýadaky güýçlerini has kuwwatlandyrmaga çalyşýandygyny habar berdi.

Idlibdäki dartgynlyklar soňky hepdelerde, Türkiýäniň Siriýanyň prezidenti, Orsýetiň ýakyn ýarany Başar al-Assadyň goşunlaryna garşy hüjüme başlamagy bilen güýçlendi.

Ankara 27-nji fewralda 34 sany türk esgeriniň howa zarbasynda öldürilendigini aýtdy we bu işde Siriýany günäkärledi. Bu öç alynmagyna alyp geldi we Türkiýe 1-nji martda dron zarbasyny urup, Siriýanyň 19 esgerini öldürdi, hökümetiňiki sany uruş uçaryny urup ýykdy.

Türkiýe we Orsýet, Siriýadaky konfliktde hersi bir tarapy goldamak bilen, şu wagta çenli gös-göni gapma-garşylykdan gaça durýardy. Emma soňky hadysalar köp ekspertiň NATO agzasy Türkiýe bilen Orsýetiň ýaragly konflikte girmek ähtimallygyndan alada bildirmegine sebäp boldy.

Erdogan geçen hepde Ýewropanyň Siriýadaky türk tagallalaryna goldaw bermegini talap etdi, şol bir wagtda-da ol bosgunlaryň we migrantlaryň öňünde Türkiýäniň Gresiýa bilen aradaky serhetlerini açyp, täze immigrasiýa krizisine itergi berdi.

Erdogan Moskwadaky duşuşykdan öň, 4-nji martda “basym Idlibde ýaraşygyň ýola goýulmagyna” umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ankara Assadyň Idlibde, Siriýada pitneçileriň iň soňky diregi we mesgeni bolan welaýatda hüjüme başlan güýçleriniň 2018-nji ýylda Moskwanyň araçylygynda gazanylan ylalaşyk esasynda çekilen liniýalardan yza çekilmegini isleýär.

Emma Putin bilen gepleşikleriň aňsat bolmajakdygy aýdylýar. Erdogan fewralyň aýagynda Putine Orsýetiň Siriýadan çetde durmalydygyny we Türkiýä Siriýanyň hökümet güýçleri bilen ýeke özüniň hasaplaşmagyna ýol bermelidigini aýtdy.

Emma, geçen bäş ýylyň dowamynda Assada aýgytly howa güýçleri goldawyny berip gelýän Moskwa, Siriýanyň hökümetiniň 2011-nji ýyldan bäri dowam edýän raýat urşunda tozdurylan ýurda özüniň doly kontrollyk etmelidigini aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow iki lideriň bu krizis hakynda gürleşip,ony bilelikde çözmegiň mümkin bolan çärelerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Ekspertler Putiniň Türkiýe bilen ýaragly çaknyşyga girmekçi bolmaýandygyny, emma yza hem çekiljege meňzmeýändigini aýdýarlar.

"Siriýadaky ýeňiş Orsýetiň abraýy, Putiniň öz abraýy üçin hem möhüm bolup durýar” diýip, Orsýetiň halkara daşarky meseleler geňeşiniň Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça synçysy ÝuriýBarmin AFP habar gullugyna aýtdy.

Mundan başga, “Roýters” öz habarçylarynyň uçar maglumatlary we Türkiýäniň demirgazyk-günbataryndaky Bosfor bogazyndaky gämileriň hereketlerine gözegçilik esasynda, Orsýetiň 28-nji fewralda, Idlibde türk esgerleriniň öldürilen gününde, Siriýa howadan we suw ýollary arkaly iberýän ýüklerini köpeldendigi barada netijä gelendiklerini aýtdy.

“Roýters” Orsýetiň Goranmak ministrliginiň bu ýagdaý barada bada-bat düşündiriş bermekden saklanandygyny habar berdi.

Şu aralykda Waşington, soňky dartgynlyklar bilen bagly, Türkiýä berk goldaw bildirdi.

XS
SM
MD
LG