Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda gözi görmeýänlere dini ündew diňlemek gadaganmy?


Sodikjon Baçgonow.
Sodikjon Baçgonow.

Täjigistanyň Gissar şäherindäki göz sebäpli maýyp bolanlaryň Okuw-önümçilik kombinatynyň (OÖK) din işleri hem-de milli däpleri düzgünleşdirmek meseleleri boýunça işgäri ýerli radio gepleşiklerde dini ündewleriň gadagan edilmegine öz närazylygyny bildirýär.

Sodikjon Baçgonow göz sebäpli maýyp adam, ol körleriň önümçilik kombinatynda işleýänler üçin niýetlenen ýerli radio gepleşigiň çinownikler tarapyndan gysylýandygyny Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.

«Biz her gün ertir sagat 8-de öz radio uzelimiz arkaly Radio Imruzyň programmasyny berýäs, juma günleri bolsa radiodiňleýjileriň dini ynançlar baradaky sowallaryna din gullukçysynyň jogaplaryny eşitdirýäs. Geçen jumada radio uzele – meniň ýanyma ýerli dini guramanyň işgäri Saadullo Norow geldi-de, ündew ýazylan fleşkarty bermegimi talap etdi. Men oňa garşy çykdym hem-de radioda belli dini wekilleriň çykyşlaryny gadagan edýän kanunyň ýokdugyny aýtdym» diýip, Sodikjon Baçgonow gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä, mundan öň Gissaryň oba şurasynyň başlygy bolup durýan Saadullo Norow radioda dini ündewleri bes etmegi birnäçe gezek talap edipdir hem munuň kanuna garşy gelýändigini aýdypdyr. «Ol Gissar şäher häkimligine arz edipdir, indi biziň radio uzelimizi nätjekleri belli däl» diýip, ol batyl bende aýdýar.

Saadullo Norow Azatlyk Radiosyna ýerli radioda ündew gepleşikleriniň berilýändigi barada, şäher häkimligine arz etmändigini aýtdy, ýöne beýleki ýerli çinownikler bilen bilelikde 6 gezek OÖK baryp, Baçgonowdan ündew gepleşiklerini bes etmegi duýdurandygyny mälim etdi. «Kanun boýunça jemgyýetçilik ýerlerinde dini ündewleri geçirmek bolmaýar, şol sanda radioda dini ündew bermegem gadagan» diýip, Saadullo Norow belleýär.

Ýöne Baçgonowyň sözüne görä, gözi görmeýän adamlar üçin, radioda ündew gepleşiklerini bermegiň aýratyn terbiýeçilik ähmiýeti bar.

2016-njy ýylda Täjigistanda ýurduň ähli çäginde – magazin -dükanlaryň golaýynda, ýangyç guýujy punktlarda, metjitlerde hem gaýry jemgyýetçilik ýerlerinde bolan radio uzeller barada düzgünnana kabul edildi. Radio uzeli goýmak üçin, Täjigistanyň prezident apparatynyň ýerine ýetiriji buýrugy gerek. Ol radio uzeller esasan Täjigistanyň döwlet radiosynyň «Hobar» gepleşiklerini eşitdirmeli.

2011-nji ýylda Din işleri baradaky komitet ýylyň her hepdesi üçin, «52 juma ündewi» atly ýörite programma taýýarlady. Ol 52 gepleşikli programmada juma namazyna häsiýetli bolan temadan ündew ýerleşdirildi. Şonuň bilen birlikde ündew geçirýän ymamlaryň aýratyn komissiýa tarapyndan saýlanyp bellenilen temadan çykmaly däldigi göz öňünde tutulypdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda ABŞ-yň Döwlet departamenti dokuz ýurduň, şol sanda Täjigistanyň dini erkinligi bozýan ýurtlaryň hatarynda galýandygyny mälim etdi.

Döwlet sekretary Maýkl Pompeonyň resmi beýanatda, Birma (Maýanmar), Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Saud Arabystany, Täjigistan hem Türkmenistan öňküleri ýaly aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hatarynda galýar diýdi. Görnüşi ýaly, «bu ýurtlar yzygiderli we hemişe dini azatlyklary çäklendirip gelýär hem ynançly adamlaryň hukuklaryny bozýarlar» diýip, resmi beýanatynda belledi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG