Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Döwlet geňeşiniň başlygy bolmak niýetiniň ýokdugyny aýdýar


Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 2024-nji ýylda öz prezidentlik möhleti resmi taýdan tamam bolandan soň täzeden güýç berlen Döwlet geňeşine başlyk bolmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Şeýle-de Putin 6-njy martdaky sözlerinde özüniň prezidentlik möhletiniň çäklendirilmelegini bes etmek islemeýändigini aýtdy.

Bu sözler onuň geljekki planlary, şeýle-de ýurduň esasy kanunyna teklip edilýän düýpli üýtgetmeler bilen baglylykda Orsýetiň syýasy geljegi babatynda köpelen soraglaryň üstüne goşundy boldy.soraglary

Putin ýanwarda konstitusiýa bir topar düzediş girizmegi teklip edip,prezident bilen parlamentiň arasynda geljekki hukuk ygtyýarlyklarynyň düýpgöter üýtgedilmegi bilen bagly birnäçe konstitusiýa üýtgetmelerni girizmäge çagyrdy. Parlamentiň ýakyn hepdelerde düzedişleriň gutarnykly görnüşini kabul etmegine garaşylýar we ruslar 22-nji aprelde geçiriljek referendumda düzediş girizilen esasy kanuna ses bererler.

Bu üýtgetmeleriň arasynda Döwlet geňeşiniň ygtyýarlygyny resmileşdirmek baradaky göçüm bar, ozal bu geňeş Kreml üçin maslahat beriji gurama bolup durýardy.

Kreml synçylarynyň käbiri Döwlet geňeşini konstitusiýa goşulmagy Putine 2024-nji ýylda ikinji alty ýyllyk möhleti gutarandan soň döwletdäki ýokary ýolbaşçylyk wezipesini saklamaga mümkinçilik berer diýip çaklaýar.

XS
SM
MD
LG