Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronowirus ýokuşan deputat aradan çykdy


Fatemeh Rahbar
Fatemeh Rahbar

Eýran parlamentiniň koronowirus ýokuşan agzalarynyň biri aradan çykdy diýip, eýran mediasy 7-nji martda habar berdi.

Eýran bu epidemiýanyň Hytaýdan daşarda has kän adama täsir ýetiren ýurdy bolup durýar. 6-njy martda bu ýurtda wirus ýokuşan adamlaryň sanynyň 4,747 bolandygy habar berildi.

6-njy martda wirus ýokuşmagyndan ýogalan parlament deputatynyň ady Fatemeh Rahbar diýlip tanadyldy, ol Tährandan täzelikde saýlanan deputatdy.

Onuň adynyň ýurtda wirusdan ölen adamlaryň 6-njy martdaky resmi sanawyna, 124 adamyň arasyna girizilip-girizilmändigi aýdyň däl.

Saglyk ministrliginiň sözçüsi Kianouş Jahanpur 6-njy martda geçen 24 sagadyň dowamynda 17 adamyň wirusdan ölendigini aýtdy, 1 müňden gowrak adamyň bolsa täze wirus ýokuşanlar hökmünde hasaba alnandygyny belledi. Bu san wirus ýokuşanlaryň jemi sanynyň 4,700-den aşandygyny görkezdi.

Koronowirus eýranly resmileriň birnäçesiniň, şol sanda Eýranyň ýokary ruhany lideriniň geňeşsisiniň we Watikandaky ozalky wekiliniň hem ölümine sebäp boldy.

Wise prezident Masumeh Ebtekar, saglyk ministriniň orunbasary Iraj Harirçi, 20-den gowrak parlament agzasy bolsa, koroniwirus ýokuşmasynda ejir çekýär.

XS
SM
MD
LG