Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul hüjüminde owgan welaýat geňeşiniň agzasy öldürildi


Goragda duran howpsuzlyk esgeri. Kabul, 6-njy mart, 2020.

8-nji martda owgan paýtagty Kabulda näbelli adamlaryň ýaragly hüjümi netijesinde ýerli geňeş agzasy we onuň iki janpenasy öldürildi.

Kabul polisiýasynyň sözçüsi hüjüm mahalynda Logar welaýatynyň geňeş agzasy Naser Ghairat bilen onuň iki janpenasynyň öldürilendigini, üçünji janpenanyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady. Bu hüjüm iki gün öň Kabuldaky dabarada azyndan 32 adamyň ölüdürilmeginiň, 180 adamyň ýaralanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

6-njy martda, etniki hazaralardan bolan şaýy syýasy lideri Abdul Ali Mazarynyň ýatlama çäresi mahalynda gurnalan hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG