Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirus krizisiniň fonunda Tramp Ýewropadan ABŞ-a syýahaty 30 günlük çäklendirdi


Nýu Ýorkyň John F. Kennedy halkara aeroporty, 9-njy mart, 2020
Nýu Ýorkyň John F. Kennedy halkara aeroporty, 9-njy mart, 2020

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp milli telewideniýede eden çykyşynda ýurduň koronawirus global pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde Ýewropadan Birleşen Ştatlara amala aşyrylýan köp syýahatyň 30 günlük togtadylýandygyny aýtdy.

11-nji martda Ak tamda sözlän sözünde Tramp syýahaty togtatmak çäreleriniň 13-nji martdan başlajakdygyny hem-de çäklendirmeleriň ABŞ-nyň saglygy barlanan raýatlaryna we Britaniýa degişli bolmajakdygyny aýtdy.

Tramp çäklendirmelerde göz öňünde tutulýan ýurtlary aýdyňlaşdyrmady, diňe “Ýewropadan ähli syýahatyň” togtadylandygyny aýtdy

Ýöne Ak tamyň ýaýradan bildirişinde çäklendirmeleriň Şengen sebiti atlandyrylýan 26 Ýewropa ýurduna degişlidigi mälim edildi. Bu beýleki Ýewropa ýurtlarynyň sanawa girizilmändigini görkzeýär.

“Birleşen Ştatlara girmeginden ýa-da girmek synanyşygyndan 14 gün öň Şengen sebitinde bolan immigrant ýa-da immigrant däl, ähli daşary ýurtlularyň Birleşen Ştatlara girmegi çäklendiriler we togtadylar” diýip, Tramp bildirişde aýtdy.

Syýahat çäklendirmeleri ABŞ-nyň raýatlary bilen bir hatarda Birleşen Ştatlaryň Ýewropadan ýurda dolanýan kanuny hemişelik ýaşaýjylaryna we olaryň maşgalalaryna degişli däldir. Şeýle-de, bu çäklendirmeler söwda harytlarynyň daşalmagyna degişli däldir.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel (Charles Michel) Ýewropa Bileleşiginiň degişli syýahat gadagançylygyny seljerjekdigini aýtdy we “Ykdysady päsgelçiliklerden gaça durmaly” diýdi.

Şeýle hem Tramp wirusyň ykdysadyýete täsirini gowşatmak üçin käbir adamlaryň salgyt tölegleriniň yza süýşürilmegi ýaly birnäçe maliýe çärelerini yglan etdi.

“Täze ýagdaýlaryň bize aralaşmagynyň öňüni almak üçin, öňümizdäki 30 günüň dowamynda Ýewropadan Birleşen Ştatlara ediljek syýahatlaryň ählisini togtadýarys. Täze düzgün anna güni [13-nji martda] ýary gije güýje girer” diýip, Tramp aýtdy.

Tramp COVID-19 wirusynyň Ýewropada köp adama ýokaşandygyny, sebäbi ol ýerde hökümetleriň, keseliň ojagy bolan Hytaýa syýahat gadagançlygyny girizmek ýaly, Waşingtonyň gören çärelerini görüp bilmändigini öňe sürdi.

“Bize Hytaýa garşy öňünden halas ediji çäreleri gördük. Indi Ýewropa bilen bagly hem şeýle çäreleri görmeli” diýip, ol aýtdy.

Italiýa Ýewropada iň agyr zyýan çeken ýurt boldy we wirusa garşy göreşmek üçin düýpli çäreleri gördi.

Italýan hökümeti, soňky iki hepdede koronawirus sebäpli 827 adam aradan çykandan soň, dermanhanalardan we azyk dükanlardan başga ähli dükanlary ýapmagy buýurdy.

Döwlet departamenti hem syýahat duýduryşyny çap edip, wirusyň global täsiri we oňa garşy dürli ýurtlaryň görýän çäreleri bilen baglylykda amerikalylara daşary ýurtlara syýahat etmegi täzeden gözden geçirmegi maslahat berdi.

Duýduryşda COVID-19-yň global täsiri sebäpli Birleşen Ştatlaryň raýatlaryna daşary ýurtlara syýahat etmegi täzeden gözden geçirmeklik duýdurylýar. “Häzir dünýäde köp sanly ýurt COVID-19 wirusyny başdan geçirýär we karantin we serhet çäklendirmeleri ýaly syýahatçylaryň hereketini çäklendirip biljek çäreleri görýär” diýip, duýduryşda aýdyldy.

Bu aralykda, ABŞ-nyň ştatlary we ýerli jemgyýetler güýçlenýän krizise garşy berk çäre görüp, köpçülikleýin ýygnanyşyklary we esasy sport çärelerini ýatyrýarlar, mekdepleri ýapýarlar we uniwersitetlerde sapaklary onlaýn görnüşe geçirýärler.

11-nji martda näsaglaryň sany 10-a ýeten Waşingtonda şäher häkimi Muriel Bowser paýtagtda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

AP habar gullugynyň habaryna görä, Demirgazyk Amerikanyň basktebol ligasy (Milli basketbol assosiýasy (NBA) 11-nji martda, nobatdaky duýduryşa çenli, şu möwsümiň togtadylýandygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlarda bu wirus ýokuşan adamlaryň sany 1200-den aşdy, 37 adamyň ölendigi habar berildi. Ölümleriň köpüsi Waşingtonyň Seatl şäherindeki garrylar öýi bilen baglanyşyklydyr.

Bütin dünýäde 118,000 adama kesel ýokaşdy we 4,300 töweregi adam aradan çykdy, olaryň köpüsi Hytaýdandyr.

11-nji martda Bütindünýä saglyk guramasy, onuň dünýä ýaýraýşyny hepdeläp synlandan soň, koronawirusy pandemiýa yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG