Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň ähli regiony konstitusiýa düzedişlerini tassyk edýär


Andreý Klişas
Andreý Klişas

“Ria” habar gullugy rus kanun çykaryjysyna salgylanyp, ýurduň 85 regionynyň ählisiniň konstitusiýa düzedişlerini tassyklandygyny habar berýär. Bu ýagdaý prezident Wladimir Putiniň häkimiýetde ýene bir 16 ýyl galmagyna ýol açýar.

Federasiýa geňeşine regional parlamentleriň ählisinde, 85 parlamentde geçirilen ses berişlikleriň netijeleri gelip gowuşdy. Olaryň ählisi oňyn. Federasiýa geňeşi bu meselä ertir geçiriljek umumy mejlisde sereder” diýip, “Ria” parlamentiň ýokary palatasynyň konstitusiýa kanuny baradaky komitetiniň başlygy Andreý Klişasyň 13-nji martda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdi.

Kanun çykaryjy gurama, konstitusiýa girizilen düzedişler sebäpli, Putiniň ozalky prezidentlik möhletlerini 0-a getirip, bu sanawy täzeden sanamagy karar etdi. Putiniň häzirki prezidentlik möhleti onuň tapgyr ikinji 6 ýyllyk möhleti bolup durýar we 2024-nji ýylda tamam bolmaly.

Ozalky düzgünler onuň yzygiderli ýagdaýda üçünji gezek prezidentlige dalaş etmegini gadagan edýär. Emma esasy kanuna girizilýän düzedişler bu ýagdaýlary üýtgedýär we onuň 2024-nji ýylda umumy bäşinji prezidentlik möhletine, 2030-njy ýylda bolsa altynjy gezek saýlanyp biljekdigini aňladýar.

Häzirki wagtda konstitusiýa üýtgetmeleri sebit parlamentleriniň azyndan üçden iki bölegi we Konstitusiýa sudy tarapyndan tassyklanmaly.

XS
SM
MD
LG