Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni oppozisiýasy koronowirus aladalary sebäpli referendumy soňa goýmaga çagyrýar


Edmon Marukian

Ermenistanyň oppozisiýa lideri häkimiýetleri 15-nji marta bellenen referendumy ýurtda koronowirusyň ýaýramak howpy bilen baglylykda soňa goýamaga çagyrdy.

“Ýagdaý gowulaşmadan beter, barha ýaramazlaşýar” diýip, parlamentdäki “Aýdyň Ermenistan” partiýasynyň lideri Edmon Marukian 13-nji martda duýduryş etdi.

“Wirus ýokuşanlaryň sany artýar, şu sebäpden ses berişlik geçirmek mümkin bolmaz, bu baradaky karar häzirden kabul edilmeli” diýip, ol aýtdy.

Ermenistanda koronowirus ýokuşan adamlaryň sanynyň 13 adama ýetendigi habar berilýär.

Ermeni hökümeti biraz öň, 13-nji martda mekdepleri, çagalar baglaryny we uniwersitetleri azyndan martyň 23-ine çenli ýapmagy karar etdi.

Ermenistandaky saýlaw häkimiýetleri konstitusiýa kazyýetiniň düzümini üýtgetjek referendumy yza süýşürmek baradaky planlary hakynda häzirlikçe hiç zat aýtmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG