Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň başlygy Nýu-Ýorkdaky işgärleriniň üç hepde öýden işlejekdigini aýdýar


BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres guramanyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasyndaky 3 müň işgäriniň ählisiniň, koronowirusyň ýaramagynyň öňüni almak bilen bagly möhüm wezipeler talap etmese, üç hepdeläp öýden işlejekdigini aýtdy.

Guterres 13-nji martda bu planyň "BMG-niň baş edarasyndaky wezipe-ygtyýarlyklary ýerine ýetirmegi dowam etdirmek bilen, ol ýerdäki fiziki gatnaşygy azaltjakdygyny” aýtdy.

"Siziň saglygyňyz we aman-esenligiňiz meniň iň uly aladam bolup galýar. Howp-hatarsyz boluň, akylly-başly boluň, rehimli boluň" diýip, ol başga bir habarynda aýtdy.

BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dujarric buýrugyň 16-njy martdan güýje girjekdigini habar berdi.

Dujarric BMG-nyň işgärleriniň hiç biriniň COVID-19 barlagynda oňyn netije görkezmändigini, ýöne Filippinlerden BMG-ä bellenen diplomatyň barlagda oňyn netije görkezendigini belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG