Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global koronawirus söweşi güýçlenýär, kesel ýokuşanlaryň sany 150 müňden geçdi


Italiýa, ýüzüne maska geýen ýolagçy

Ýer togalagynyň ýurtlary dünýäde wirus ýokuşanlaryň sanynyň 14-nji martda 150 müňden geçmegi bilen, onuň ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýärler, Hytaý, pandemiýanyň başlanan ýurdy täze kesel ýokuşýanlaryň sanynyň azalandygyny aýdýar.

Ispaniýadan başlap Orsýete çenli aralykda hökümetleriň serhetleri berkidip, adamlaryň toiplanmagyny azaltjak täze çäklendirmeleri girizmegi, öýken keseline çalymdaş aldajy COVID-19 keseliniň, täze koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni aljak fiziki gatnaşyklary mundan aňryk hem çäklendirjek çäreleri görmegi bilen, Ýewropa global pandemiýanyň baş merkezine aýlanýar.

Koronowirus barlaglaryny geçirýän Johns Hopkins merkezi, BSG-nyň we ýerli medianyň san-maglumatlaryny goşmak bilen, täze wirus ýokuşanlaryň sanynyň 150,006, ondan ölenleriň 5,614 adam bolandygyny aýdýar.

Ispan häkimiýetleri 14-nji martda ýurtda wirus ýokuşanlaryň 5,753 adam bolandygyny aýtdy, olaryň ýarysy Madridde we kesellänleriň dörtden birinden gowragy soňky 24 sagatda hassalady.

Bu ýurduň Ýewropada Italiýadan soň, wirus ýaýramagynyň has ýygjamlaşan ikinji döwleti bolýandygyny aňladýar.

Brýusselde, Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtynda, Belgiýanyň hökümetiniň ÝB guramalaryny, mekdepleri, barlary, resroranlary, kino zallaryny, muzeýleri ýapmagy buýran ilkinji gününde köçeler boşap galdy.

Daniýanyň premýer-ministri Erna Solberg, ýurt COVID-19 hassalygyndan ölen ilkinji adamyny yglan edeninden soň, döwletiň 16-njy martdan başlap ähli aeroportyny wagtlaýyn ýapjakkdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 14-nji martda özüniň koronowirus barlagyndan geçendigini we onuň netijelerine garaşýandygyny aýtdy.

Wise-prezident Maýk Pens ABŞ häkimiýetleriniň ýewropa ýurtlarynyň 26-syndan gelýän uçarlara girizilen gadaganlygyň, Birleşen patyşalygy we Irlandiýany hem içine girizmek bilen, giňeldilýändigini aýtdy. Ozal bu ýurtlar gadaganlykdan daşarda galdyrylypdy.

ABŞ-nyň ýokanç keseller boýunça eksperti Anthony Fauci 14-nji martda Birleşen Ştatlarda 2,226 adama koronowirusyň ýokuşandygyny tassyk bolandygyny aýtdy.

Rus resmileri özleriniň Polşa we Norwegiýa bilen serhetlerini daşary ýurtlular üçin ýapýandyklaryny, soňky 24 sagatda wirus ýokuşmasynyň 49-dan 59-a çenli ýokary galandygyny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG