Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronowirusdan ölenleriň sany 611 adama ýetdi


Eýranyň ýokary harby komandiri ýurduň howpsuzlyk güýçlerine 24 sagat içinde ýollaryň ählisini arassalamagyň buýrulandygyny aýtdy.
Eýranyň ýokary harby komandiri ýurduň howpsuzlyk güýçlerine 24 sagat içinde ýollaryň ählisini arassalamagyň buýrulandygyny aýtdy.

Eýranda koronowirus ýokuşan adamlaryň ýene 97 sanysy wepat boldy we bu ýurtda aldajy ýokanç keselden ölenleriň umumy sany 611-e ýetdi diýip, döwlet telewideniýesi 14-nji martda aýtdy.

Saglyk ministrliginiň resmilerine salgylanmak bilen, Eýran TW-si Ýakyn Gündogarda global pandemiýanyň iň agyr zarba uran ýurdunda wirus ýokuşanlaryň jemi 12,729 sanysynyň hasaba alnandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, tankytçylar hökümetiň bu meseledäki açyk-aýdyňlygyny sorag astyna alyp, wirus ýokuşanlaryň sanynyň hakykatda has kän bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýärler.

Ruhanylar režimi ýokanç keseliň garşysyna durmak tagallalarynyň çäginde eýýäm ýurtdaky mekdepleri, uniwersitetleri ýapdy, bütin ýurt boýunça dini, medeni çäreleri, sport ýaryşlaryny togtatdy.

Eýranyň ýokary harby komandiri 13-nji martda ýurduň howpsuzlyk güýçlerine 24 sagat içinde ýollaryň ählisini arassalamagyň buýrulandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG