Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 wirusy nähili ýaýraýar we kimler üçin has howply?


Almaty aeroportunda ýolagçylary ýylylygy görüji skanir bilen barlagdan geçirýärler. Illýustrasiýa suraty.

COVID-19 NÄHILI ÝAÝRAÝAR?

Koronawirus, düzgün boýunça, näsag adamdan sagat adama örän ownuk tüýkülik syçramagy ýa-da adam asgyranda, üsgürende hem gepleşende syçraýan nemden geçýär. Wirus örän ýokary patogenli, ýany keselliden sagat adama çalt ýokaşagan.

ANALIZDE COVID-19 OTRISATEL NETIJE BERÝÄR. ADAMA WIRUS ÝOKUŞMANMY?

Başky etapda ol wirusyň bildirmezligi-de mümkin, şonuň üçin doktor birnäçe gezek analiz alýar. Eger adamda COVID-19 keseline meňzeş alamatlar bolsa, ýöne analizler birnäçe gezek barlansa-da, wirusyň ýokdugyny görkezse, munuň özi ol adamda koronawirusyň ýokdugyny aňladýar.

KARANTINDE BOLAN ADAM COVID-19 ÝAÝRADYP BILERMI?

14 günlük karantin inkubasiýa – keseliň doly bilinmeýän gizlin döwri hasaplanýar, bu döwürde COVID-19 aýan etmek örän möhüm. Iki hepdelik karantinde keseliň alamatlary ýüze çykmasa, koronawirus baradaky analiz otrisatel netije berse, munuň özi adamyň sagatlygyny aňladýar. Ondan töwerekdäkilere howp ýokdur.

KÖÇEDE ADAMLARYŇ BIRI-BIRINDEN ARA AÇYP ÝÖREMEGI HÖKMANMY?

Adam birnäçe metr aralykdan-da, asgyranda ýa-da üsgürende beýleki birine kesel ýokaşdyryp biler. Şonuň üçinem asgyryp-üsgürýän adamdan ara açyp, çäk saklamak möhüm.

COVID-19 BAŞGALARA GARANDA, GÖWRELI AÝALA ÇALT ÝOKUŞÝARMY?

Bu häzirkiçe belli däl, göwreli aýallara-da başgalar ýaly ýokaşýarmy ýa-da çalt – ol entek anyklanmadyk. Ýöne göwreli aýalyň organizminde üýtgeşme bolup geçýär, şonuň üçinem onuň infeksiýa almak töwekgelligi ýokarydyr. Gripp ýa-da ORWI, şeýle hem COVID-19 ýaly wiruslar göwreli aýalyň ýagdaýyny agyrlaşdyryp biler.

COVID-19 SEBÄPLI ÝOGALANYŇ JAÝLANYŞYNA GATNAŞMAK MÜMKINMI?

COVID-19 bilen ýogalanyň jesedine elliksiz ýa başga bir gorag serişdesiz galtaşyp bolmaz. Merhum ýuwlup, jaýlanmaga taýýar edilenden soň, töwerege kesel ýokaşdyrmak mümkinçiligi peselip biler. Eger merhumy ýuwmak hem kepene oramak möhüm dini dessur saýylsa, onuň hossarlary infeksiýanyň ýaýramak mümkinçiligini iş soňky çäkde azaltmak barada, din ulamasy hem-de merhumlary jaýlaýan býuro bilen gepleşmeli.

WIRUS IÝMITDEN ÝOKAŞYP BILERMI? ŞOL SANDA SOWADYLAN ÝA-DA DOŇDURYLAN ÖNÜMLERDEN?

Häzirki wagtda COVID-19 iýmit arkaly geçipdir diýen maglumat ýok. Infeksiýanyň azyk önümlerinden ýa-da onuň daşyndaky gapdan, şeýle hem doňdurylan ýa-da sowadylan önümlerden ýaýramak mümkinçiligi pes. Olaryň ýüzünde koronawirusyň saklanmagyna mümkinçilik az.

BAŞGA BIR ÝURTDAN GETIRILEN PAKET ÝA-DA IÝMIT HOWP DÖREDIP BILERMI?

Serhetden daşardan getirilen harytlardan ýaýran COVID-19 barada subutnama ýok.

HOWANYŇ MAÝLAMAGY BILEN COVID-19 SAKLANARMY?

Howanyň ýagdaýy, temperaturanyň üýtgemegi koronawirusyň ýaýramagyna täsir edermi ýa-da etmez – häzirlikçe belli däl. Käbir başga wiruslar; sowuklama ýa-da gripp howanyň sowuk wagtynda köp ýaýragyç bolýar, ýöne munuň özi başga aýlarda infeksiýa ýaýramaz diýen düşünjäni aňlatmaýar. Howanyň maýlamagy bilen bu keseliň ýaýramagy azalar diýmek gaty kyn. Täze wirusyň barlagy häzir dowam edýär.

MOBIL TELEFONY ÝA-DA GAJETLERI SÜPÜRIP ARASSALAMAK HÖKMANMY?

Doktorlar daşardan öýe geleniňizden soň, mobil telefonlary spirt siňdirilen süpürgiçler bilen süpürip arassalamagy, onuň daşyndaky gabyny sabyn bilen ýuwup guratmagy maslahat berýärler. Esasy maslahat – eliňi çalt-çaltdan ýuwmakdyr hem köpçüligiň üýşen ýerinden çetde durmakdyr.

Çeşme: AÝ/AR-nyň Gazak gullugy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG