Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan koronawirus ýokuşan ilkinji üç raýatynyň hasaba alnandygyny tassyklady


Bişkegiň aeroportunda ýörite egin-eşikdäki saglyk işgärleri ýolagçylaryň gyzgynyny barlaýarlar.

Gyrgyzystan koronawirus ýokuşan ilkinji üç raýatynyň hasaba alnandygyny tassyklady. Bu adamlar Saud Arabystanyndan dolanyp gelen syýahatçylaryň toparyndady.

Gyrgyz saglyk ministri Kosmosbek Çolponbaýewiň 18-nji martda beren maglumatyna görä, wirus ýokuşan üç gyrgyz raýaty Gyrgyzystanyň günorta-günbataryndaky Jalal-Abad regionynyň Suzak etrabynyň ýaşaýjylarydyr.

12-nji martda ýurda dolanan bu syýahatçylar 70, 62 we 43 ýaşlaryndadyr diýip, Çolponbaýew aýtdy.

Etrap häkimiýetleri Blagoweşçeka, Boston we Orta-Aziýa obalaryny möhürläp ýapdylar we olaryň golaýynda 19 sany barlag nokatlaryny ýerleşdirdiler diýip, regional resmiler aýtdylar.

Gyrgyz daşary işler ministriniň orunbasary Nurlan Abdrahmanow beýanat ýaýradyp, 18-nji martdan başlap daşary ýurtlularyň ählisiniň Gyrgyzystana girmegine gadagançylyk girizilendigini aýtdy.

Goňşy Gazagystanda, 18-nji martda ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi, Almaty şäherinde ýene iki adam wirusyň ýokuşandygyny tassyklap,koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň 35-e ýetendigini yglan etdi.

Gazagystan 15-nji aprele çenli ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi we 19-njy martdan başlap ýurduň iň uly iki şäheri – Nur-Sultan we Almaty – wirtual taýdan gulply ýagdaýda bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG