Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranda koronawirusdan ölenleriň sany 1000 adamdan aşdy


Eýranyň bank işgärleri

Eýranyň häkimiýetleri soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan 147 adamyň ölendigini tassyklap, bu wirusdan ölenleriň jemi sanynyň 1135 adama ýetendigini mälim etdi. Bu barada 18-nji martda döwlet telewideniýesi habar berdi.

Bu waka prezident Hassan Rohaniniň öz hökümetiniň bu wirusyň ýaýramagyna gaýtawul berişini gorap çykyş eden mahalyna gabat geldi.

Eýran Ýakyn Gündogardaky ýurtlaryň arasynda bu wirusdan iň köp ejir çeken döwlet bolup, bu ýurtda wirus ýokuşan adamlaryň 16169 sanysy hasaba alyndy.

Eýran örän haýal gaýtawul bermekde we wirus ýokuşan ilkinji adamlary ýaşyran bolmakda aýyplandy.

Ýöne 18-nji martda Rohani öz hökümetiniň koronawirusyň ýaýramagyna gaýtawul berişi boýunça edilen tankytleri ret etdi. Ol hökümet maslahatynda eden çykyşynda häkimiýetleriň halk bilen “gönümel” bolandygyny we bu wirus barada eşidilen dessine, 19-njy fewralda yglan edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG