Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan koronawirus sebäpli mukades ýerlere zyýaratçylygy ýapýar


Islamabadyň jemgyýetçilik transporty, 18-nji mart, 2020

Pakistanyň häkimiýetleri paýtagt Yslamabatdaky sufileriň mukaddes gonamçylyklaryna zyýaratçylygy ýapdy. Muzeýlere, arheologik ýerlere we syýahatçylyk merkezlerine barmak hem gadagan edilýär. Bu ýurtda koronawirus sebäpli kesellänleriň sany 301 adama ýetdi, olaryň aglaba köpüsi Eýrandan gaýdyp gelen zyýaratçylar.

Saud Arabystanyndan we Dubaýdan ýurduna dolanan iki pakistanly 18-nji martda ýogaldy. Olaryň ölümi ýurtda hasaba alnan ilkinji adam pidaly ýagdaýlar boldy.

Pakistanda mekdepler ýapyldy.

Pakistanlylaryň müňlerçesi soňky hepdelerde Balujystan regionynda Taftan serhet geçelgesiniň golaýynda karantine salyndy. Olaryň köpüsi Eýrana syýahat eden zyýaratçylar. Häkimiýetler olaryň karantinde 14 gün saklanjagyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG