Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň milli pulunyň gowşamagy dowam edýär


Walýutalaryň çalyşyk kursy, Nur-Sultan, 19-njy mart, 2020
Walýutalaryň çalyşyk kursy, Nur-Sultan, 19-njy mart, 2020

Gazagystanyň koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň 44 adama ýetmeginiň yzýany ýurduň milli puly teňge ýene gowşady.

Paýtagt Nur-Sultanda we ýurduň iň uly şäheri Almatyda walýuta çalyşyk nokatlarynyň ençemesi 19-njy martda amerikan dollaryny we ýewrony satmadylar. Gazagystanyň milli puly 25% hümmetini ýitirip, 471 teňge $1 barabar boldy, martyň başynda çalyşyk kursy 375 teňge derejesindedi.

Soňky günlerde dünýäde nebitiň bahasynyň peselmegi we koronawirusyň ýaýramagy bilen baglylykda dünýä maliýe bazarlaryndaky çökgünlik sebäpli teňgäniň nyrhy soňky günlerde yzygiderli aşaklaýardy.

Gazagystanyň Saglyk ministrliginiň 19-njy martda aýtmagyna görä, ýurtda koronawirus sebäpli kesellänleriň sany 44 adama ýetipdir.

Goňşy Özbegistanda koronawirusly ýagdaýlaryň hasaba alnan sany 23 adam, Gyrgyzystanda üç adam. Merkezi Aziýanyň ýene iki ýurdy Türkmenistan we Täjigistan koronawirus bilen kesellänler barada resmi habar bermediler.

XS
SM
MD
LG