Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler Aşgabadyň daşyny baglap, welaýatlaryň arasynda hereketi çäklendirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň hökümeti paýtagt Aşgabadyň daşyny baglap, raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu çäreleriň koronawirusyň ýaýramak howpy bilen baglanyşykly görülýändigini habar berýärler.

Häkimiýetler Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň bir welaýatdan başga bir welaýata gidip-gelmegine degişli hereket çäklendirmelerini girizdi. Türkmenistanda raýatlaryň hereketini düzgünleşdirmegiň Tertbine degişli 20-nji martda Azatlyga gowşan resminamada çäklendirmeleriň jikme-jikligi mälim edilýär.

Täze düzgüne laýyklykda, raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip-gelmegine diňe merhumy jaýlamak däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin; gaýragoýulmasyz saglyk ýagdaýlarynda; ýakyn dogan-garyndaşlaryň toý dabarasyna gatnaşmak üçin; gulluk zerurlygy sebäpli iş saparyna gitmek üçin hem-de başga gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda rugsat berilýär. Toý-dabaralara we iş saparyna gitmek üçin ýörite rugsatnama talap edilýär.

Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň hereketini düzgünleşdirmegiň Tertbiniň Azatlyk Radiosyna gowşan nusgasy
Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň hereketini düzgünleşdirmegiň Tertbiniň Azatlyk Radiosyna gowşan nusgasy
Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň hereketini düzgünleşdirmegiň Tertibi. Resminamanyň Azatlyk Radiosyna gowşan nusgasy
Türkmenistanyň çäginde raýatlaryň hereketini düzgünleşdirmegiň Tertibi. Resminamanyň Azatlyk Radiosyna gowşan nusgasy

Täze wagtlaýyn düzgüne görä, welaýatlaryň arasyndaky garaýollaryň gözegçilik nokatlarynda polisiýa işgärleri raýatlaryň hereketine gözegçilik eder.

Polisiýa bilen bir hatarda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri garaýollardaky gözegçilik nokatlarynda raýatlaryň gyzgynyny ölçär. Gyzgyny ýokary bolan hem-de kesel alamatlary ýüze çykan adamlar iň golaýdaky hassahananyň ýokanç keselleri bölümine ýörite awtoulagda alnyp gidiler. Ýöne resminamada alamatlary agzalýan keseliň ady aýdylmaýar.

Şeýle-de, dokumentden mälim bolşuna görä, welaýatara gözegçilik nokatlaryndan iri we maýda şahly mallary hem-de et önümlerini geçirmeklik, eger Weterinar gullugyndan rugsat haty bolmasa, gadagan edilýär.

Galyberse-de, daşary ýurt diplomatlary ýurduň çäginde Daşary işleri ministrliginiň ylalaşygy esasynda hereket edýär.

Täze tertip 20-nji martda güýje girer hem-de aýratyn görkezmä çenli dowam eder.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, 19-njy martyň agşamyndan başlap, ýurduň paýtagtyna giriş we çykyş ýollarynyň ählisi petiklenildi.

“Aşgabat giriş-çykyş üçin ýapyldy. Hereket diňe rugsat arkaly mümkin. Welaýatlardan barýan hususy awtoulaglar, taksiler, mikroawtobuslar we awtobuslar şäheriň derwezesinden gaýtarylýar. Paýtagtyň üpjünçiligine degişli önümleri daşaýan ýük ulaglarynyň hereketi diňe rugsat boýunça mümkin” diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki bir habarçy COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýyň ýurtda welaýat ýaşaýjylary üçin içerki howa gatnawlarynyň çäklendirilmegine getirendigini aýtdy.

“Şu gün welaýat ýeňil maşynlary we awtobuslary üçin Aşgabady ýapdylar. Şeýle-de, Daşoguzdan uçara münülmeginiň öňýany ýolagçylaryň ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny barladylar. Diňe Aşgabat ýazgyly ýolagçylary uçara goýberdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Daşoguz-Aşgabat uçar gatnawyna ýolagçylaryň hemmesiniň däl, saýlanyp goýberilendigini mundan ozal Turkmen.news neşiri habar berdi:

“Türkmenistan awiakompaniýasynyň T5105 gatnawly uçary Daşoguzdan Aşgabada diňe Aşgabatda ýazgyda duran ýolagçylar bilen uçdy. Şol bir wagtyň özünde daşoguzly ýolagçylarda nägileligiň ýüze çykmagy sebäpli, uçuş bir sagada golaý yza süýşürildi.Netijede, Boing 737 uçar bortunda on bäş töweregi ýolagçy bilen uçdy” diýip, neşir habar berdi.

Azatlygyň welaýatlardaky habarçylary hem welaýat ýaşaýylary üçin Aşgabada syýahatyň näbelli möhlete çenli ýatyrylandygyny 19-njy martda habar berdiler.

Lebapdaky habarçy welaýat administrasiýasyndaky çeşmesine salgylanyp, penşenbe güni ähli welaýatlarda gyssagly ýygnaklaryň geçirilendigini habar berdi.

“Şu gün ähli welaýatlarda wideoaragatnaşyk arkaly ýygnak geçirildi we 20-nji martda welaýatlaryň arasyndaky ýollaryň ýapylýandygyny habar berdiler. Bu tertibiň apreliň aýagyna çenli dowam etmegine garaşylýar. Welaýatlaryň arasynda hereket etmek üçin ýörite rugsatnama almaly bolar. Mekdep dynç alyşlaryny uzatmak hem-de çagalar baglaryny karantin üçin ýapmak ara alyp maslahatlaşylýar” diýip, lebaply habarçy habar berdi.

Balkan, Lebap hem-de Daşoguz welaýatlarynda etraplaryň arasynda-da hereket çäklendirmeleriniň girizilendigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurt içinde henize çenli koronawirusyň hasaba alynmandygyny öňe sürýändigine garamazdan, şeýle berk çäreler görülýär.

Azatlygyň habarçylary ygtybarly çeşmelere salgylanyp baryp iki hepde mundan ozal azyndan iki koronawirus näsagy barada habar berdi. Şu hepdäniň başynda Türkmenistanyň Eýran serhedine golaý sebitlerinde birnäçe koronawirus hadysasynyň ýüze çykandygy barada maglumat peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy 19-njy martdan bäri ähli döwlet edaralarynda we ministrliklerde koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin profilaktiki çäreleriň geçirilmäge başlanandygyny habar berýär:

“Edaralaryň girişlerinde lukman barlagy geçirilýär, ylaýta-da adamyň teniniň gyzgynlygyny ölçenilýär, ondan başga-da deslapky synag amala aşyrylýar. Şeýle hem edaralaryň ähli iş otaglarynda ýüzärlik ýakylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda koronawirusa garşy agzalýan porofilaktiki çäreler dünýäde bu kesel bilen kesellän adamlaryň sany 245 müňden, ondan ölenleriň sany 10 müň adamdan aşanda, şeýle-de goňşy Eýranda bu keselden ölenleriň sany 1 müň 200 adamdan geçende, galyberse-de, Türkmenistanyň ähli goňşularynda koronawirus keselli adam hasaba alnandan soň bat alýar.

“Synçylaryň bellemegine görä, üçünji günden (çarşenbe) başlap söwda nokatlarynda we bazarlarda adamlar köp bölekleýin iýmit harytlaryny satyn alýarlar, nobatlar uly. Döwlet dükanlarynda we bazarlarda satylýan ýag, şeker, kartoşka ýaly önümler üçin uly nobatlar bar” diýip, habarçymyz aýdýar.

“Su hepdäniň dowamynda amala aşyrylýan çärelere seredeniňde, adamlaryň arasynda ady agzalýan kesel Türkmenistanda döräýdimikä diýen pikir kelläňe gelýär, diýip ýerli ýaşaýjylar belleýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we ýokanç kesellere garşy gullugynyň işi has hem berkäpdir.

“Hususan-da işgärleriň köp bölegi Aşgabadyň 5 km golaýyndaky Büzmeýin etrabynyň Bagyr obasyna ugradylyp, ol ýerde kesele garşy barlaglar güýçli depginde amala aşyrylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň beýleki bir habarçysy 20-nji martda şu günler ilatyň uzak möhletli azyk harytlary lomaý satyn almaga başlandygyny habar berdi.

“Ýöne dowul ýok. Bazarda Nowruz baýramçylygyndan soň bazarlaryň karantin üçin ýapyljakdygyny aýdýarlar” diýip, ol maglumatynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda resmiler ýurt boýunça koronawirus keseliniň hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG