Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda wirusdan goranmak üçin ýasama arak içenden soň ölenleriň sany 15 adama ýetdi. Olaryň azyndan dördüsi Türkmenistanyň raýaty


Stambul şäheri

Stambulda wirusdan goranmak üçin ýasama arak içenden soň ölendigi aýdylýan adamlaryň sany 15-den aşdy. Keselhanada saglyk bejergisini alýan başga-da 60 adamyň saglyk ýagdaýy agyr diýip, "Hürriýet" neşiri habar berýär.

"Soňky bir hepdäniň dowamynda türkmenistanly köp adamyň ýasama arak içip zäherlenendigi anyklandy. Ýogalanlaryň bäşisi Zeýtinburnu, bäşisi Başakşehir, ikisi Güngören, ikisi Esenýurt we ýene biri Fatih etrabynda ýaşaýardy. Başga-da 60 sanysynyň saglyk bejergileri dowam edýär" diýlip, neşir belleýär. Habarda olaryň ählisiniň Türkmenistanyň raýatymy ýa-da däldigi anyklaşdyrylmaýar.

Ýöne bu wakalardan habarly türkmen zähmet migrantynyň 19-njy martda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sany artdy, ýöne anyk san häzirlikçe belli däl.

Mundan ö​ň, 18-nji martda Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içendigi aýdylýan dört türkmenistanlynyň zäherlenip ölendigi mälim boldy.​ Türk polisiýasy pidalary ýasama araklar bilen üpjün etmekde iki türkmenistanlyny tussag etdi. Häzirki wagt ölen türkmen raýatlarynyň​ hossarlary jesetleri Türkmenistana ibermäge synanyşýarlar, ýöne uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli bu başa barmaýar. Kömege taýýardyklaryny aýdan Türkiýedäki türkmen diplomatlary muny Aşgabadyň rugsady bolmazdan berjaý edip bilmeýändiklerini belleýärler​.

Türkiyäniň "Hürriýet" neşiriniň habaryna görä, bu wakalar iki günüň dowamynda Stambulyň iki etrapçasyndaky aýry-aýry azyndan bäş öýde boldy. Wakalarda başga-da ençeme adamyň keselhana ýerleşdirilendigi we olaryň azyndan üçüsiniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy bellenilýär.

Neşiriň 18-nji martda çap eden habaryna görä, türkmenistanlylaryň täze koronawirusdan goranmak üçin ýasama araklardan içendigi çaklanylýar.

"Türkmen raýatlarynyň ikisi 17-nji martda Başakşehirde aradan çykdy. Dostlary 28 ýaşly Hudaýnazar H-ny öýünde huşundan giden ýagdaýda tapýarlar. Bu aralykda, şol sebitdäki başga bir köçede-de türkmenistanly P.K-nyň hossarlary onuň huşsuz ýatandygyny görýärler. Iki wakada-da huşundan gidenleriň dostlary we hossarlary tiz kömek ulaglaryny çagyryp, polisiýa habar berýärler. Wakanyň bolan ýerine baran tiz kömek işgärleri olaryň ölendigini anykladylar" diýip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, bu sebitdäki başga-da iki öýüň her birinde iki sany türkmenistanly ýasama arakdan zäherlendi we bu wakalaryň bolan ýerine-de tiz kömek we polisiýa işgärleri çagyryldy.

"Bu dört türkmen raýaty hem keselhana ýerleşdirildi. Olaryň ikisiniň saglyk ýagdaýy agyr" diýlip, habarda bellenilýär.

Maglumata görä, Başakşehir etrap polisiýasy bilen Stambulyň gaçakçylyga garşy göreş müdirliginiň işgärleri wakalaryň bolan binalarynda derňew işlerini geçirdiler. Derňewleriň netijesinde gaplaryň içinde arak, guýguçlar we çüýşeler tapyldy.

Türkmenistanlylaryň ýene iki sanysy Stambulyň Zeýtinburnu etrabyndaky wakada aradan çykdy. Esger A. (31), Narmurat E. (37) we Doskabul P-niň dostlary olardan habar alyp bilmeýändiklerini aýdyp, polisiýa jaň edýärler.

"Agzalýan türkmenistanlylaryň öýüne baran polisiýa işgärleri gapyny özleri açyp içeri girýärler we olaryň huşsuz ýatandygyny görýärler. Saglyk işgärleri Esgeriň we Narmuradyň ölendigini anyklaýarlar we Doskabuly keselhana alyp gidýärler. Keselhanadaky türkmen raýatynyň saglyk ýagdaýy agyr" diýip, türk neşiri polisiýa işgärleriniň geçiren derňewlerinde bu öýde-de ýasama arak içilendigi anyklandy diýýär.

Şeýle-de, "Bakırköy Dr. Sadi Konuk" adyndaky keselhananyň lukmanlary türkmenistanlylaryň ýasama arakdan ölendigini mälim edensoň, polisiýa pidalary ýasama araklar bilen üpjün edendigi aýdylýan iki türkmenistanlyny tussag etdi.

Bu wakalardan habarly türkmen zähmet migrantynyň 19-njy martda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ölenleriň hossarlary jesetleri Türkmenistana ibermäge synanyşýarlar. Olar Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasy we Ankaradaky ilçihanasy bilen habarlaşdylar.

Aýdylmagyna görä, türkmen diplomatlary özleriniň kömek etmäge taýýardyklaryny, ýöne Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygy sebäpli munuň kyndygyny mälim etdiler. Mundanam başga, türkmen diplomatlary Aşgabatdan görkezme gelmese, özleriniň hiç zat edip bilmejekdiklerini hem bellediler.

Mundan ozal Eýranda şuňa meňzeş wakanyň bolandygy habar berlipdi. Şonda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içen 159 adamyň zäherlenip ölendigi mälim edilipdi.

Lukmanlar spirtli içgileriň, şol sanda aragyň adamlary koronawirusdan goramaýandygyny aýdyp, tersine munuň immunitetiň gowşamagyna we keselçiligiň has-da agyrlaşmagyna getirip biljekdigini belleýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG