Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hindistan köp bolup aýal zorlan dört erkegi asyp öldürdi


Aýal zorlanlar mähelläniň şatlykly gygyryşýan wagtynda asyldy.

Hindistan 2012-nji ýylda Nýu-Delidäki awtobusyň üstünde bir ýaş zenany zorlamakda we öldürmekde günäli tapylan dört erkegi asyp öldürdi. Bu jenaýat Hindistanda we dünýäde uly gahar-gazap döretdi.

Hindi mediasy bu erkekleriň 20-nji mart güni daňdan, paýtagtyň golaýyndaky türmäniň daşynda, berk howpsuzlyk goragy astynda, golaýdaky mähelläniň şatlykly gygyryşýan wagtynda asylandygyny habar berdi.

Bu Hindistanda 2013-nji ýyldan bäri asylyp öldürilen ilkinji adamlardyr.

Ýerli mediada Nirbhawa, “gorkusyz adam” diýlip atlandyrylan 23 ýaşyndaky zenan 2012-nji ýylyň dekabrynda, gije zorlandy. Hindi kanuny onuň şahsyýetiniň anyklanylmagyna rugsat bermeýär.

Fizioterapiýa studenti erkek dosty bilen kinoteatrdan öýe gelýärkä, alty sany erkek olary aldap, awtobusa mündürdi. Olar aýaly zorlamazlaryndan öň onuň ýanyndaky erkegi demir çybyk bilen urup, zenany hem agyr ýaraladylar.

Bu hüjüm sebäpli alty adam tussag edildi. Olaryň biri 2013-nji ýylyň mart aýynda türmede öli tapyldy, görnüşine görä, ol öz janyna kast edipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG