Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň hem Gazagystanyň medisina işgärleri flashmob «koronawirus» çäginde, adamlardan öýde galmagy haýyş edýärler


Illýustrasiýa suraty

Gazagystanyň hem Özbegistanyň medisina işgärleri global flashmob medişgärlerine birleşdiler. Olar adamlary koronawirus döwründe öýde galmaklyga hem başgalara ony ýokuşdyrmazlyga çagyrýarlar.

Özbegistanda 20-nji marta çenli koronawirus ýokuşan 23 näsag mälim edildi. Şonuň üçin bu aksiýany ýurduň Saglygy saklaýyş ministrligi goldady.

Ol aksiýanyň inisiatory mundan birnäçe gün öň malaýziýaly wraç Ji Tik Şeng bolupdy. Ol başgalaryň öýünde oturmagyna çagyryş edip, Facebookda öz suratyny goýdy. Häzirki wagtda Awstraliýadan başlap, Braziliýa çenli dünýäniň 50 müň çemesi medisina işgäri onuň çagyryşyny goldaýarlar.

Medisina işgärleri bir tagta kagyzyň ýüzüne: «I stayed at work for you. You stay at home for us» («Men siziň üçin işde galýaryn. Sen biz üçin öýde oturyň») diýen ýazgy şol doktoryň ene dilinde hem ýazylyp görkezilýär.

19-njy marta çenli koronawirus ýokuşanlaryň sany 218 müň adamdan geçdi. Ol keselden 9 müňe golaý adam ýogaldy.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Italiýada, Eýranda, Ispaniýada adamlaryň köpçülikleýin koronawirusa ýolukmagy saglygy saklaýyş ulgamyna örän agyr urgy boldy. Köp ýurtlarda doktorlar hem medisina işgärleri dem-dynç almazdan işleýärler. Dem alyş ýollaryndan ejir çekýän kesellilere ýardam bermäge çalyşýarlar. Käbir ýagdaýda ol kesellileri birnäçe günläp emeli dem alyp IBL ýa-da EKMO apparatlarynda saklamaly bolýar. Ol apparatlar bolsa ýetmezçilik edýär.

Ol kesele garşy waksiniň ýok wagtynda, Bütindünýä saglygy saklaýyş guramalarynyň ekspertleri hem-de ol ugurdan iş alyp barýan doktorlar koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almakda, ýeke-täk çäre – ol jemgyýeti izolýasiýada – üzňelikde saklamak hasap edýärler. Hut şonuň üçinem doktorlar adamlara öýde galmaga hem daş çykmazlyga çagyryş edip başladylar. Eger-de daşara çykmak zerur bolsa, onda goranyş maskasyny geýmeli hem başgalar bilen ýakyn kontaktda bolmakdan gaça durmaly.

Öz-özüňi öýde gorap saklamak çäresi saglygy saklaýyş pudagyna hem ýardam edýär, sebäbi şeýle kesellileriň uzak möhletli keselhanalara düşmegini azaldýar. Beýleki bir tarapdan, wirusyň ýaýramazlygyna hem-de medisina ýardamy üçin keselhana düşenleriň heläk bolmazlygyna kömegi ýetýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG