Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronowirusdan ölenleriň sany 11 müňden geçdi; iň agyr zyýan Ýewropa ýetdi


Italiýa, bu keselden 4032 adamyň heläk bolmagy bilen, koronowirusdan iň kän adam ýitiren ýurt boldy.

Dünýäde koronawirus ýokuşmasyndan ýogalanlaryň sany 11 müň adamdan geçdi, Ýewropanyň pandemiýanyň merkezine aýlanmagy bilen, dünýäde tassyklanan koronawirus hadysalarynyň sany çärýek milliondan aşdy.

Jon Hopkins uniwersitetiniň 20-nji martda çap eden hasabatyna görä, dünýäde wirus ýokuşandygy tassyklanan adamlaryň sany 265495-e ýetdi, şol sanda bu dertden azyndan 11147 adam öldi.

Italiýa, bu keselden 4032 adamyň heläk bolmagy bilen, koronowirusdan iň kän adam ýitiren ýurt boldy. Italiýadan soň Hytaý gelýär, bu ýurtda 3,252 adam öldi.

Wirusdan ýogalanlaryň resmi maglumatyna görä, Eýranda bu pandemiýadan ölenleriň sany 1433 adam bolup, bu ýurt adam ýitgisi boýunça üçünji ýerde durýar. Emma eýranlylaryň köpüsiniň pikiriçe, Tährandaky hökümet bu ýurtda wirusdan ölenleriň sanyny azaldyp görkezýän bolmaly.

Dünýäde pandemiýadan iň kän zyýan çeken dördünji ýurt bolan Ispaniýada ýogalanlaryň sany, geçen 24 sagatda ýene 275 adamyň ölmegi bilen, 20-nji martda 1,043 adama ýetdi.

Ispaniýada tassyklanan wirus hadysalarynyň sany hem, Madriddäki Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, 20,400 boldy.

2019-njy ýylyň aýagynda wirusyň ýaýrap başlan ýerinde, Hytaýyň Wuhan şäherinde tapgyr ikinji gün täze kesellän adam hasaba alynmady, Pekinde täze wirus ýokuşanlaryň 39 bolandygy habar berildi. Hytaý hökümeti ol adamlaryň ählisiniň daşary ýurtdan gelendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG