Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ gipersoniki ýaragy özleşdirmäge golaýlandygyny aýdýar


Pentagonyň maglumatyna görä, üstünde ýarag bolmadyk enjamyň synagy 19-njy martda Gawaýide geçirilipdir.
Pentagonyň maglumatyna görä, üstünde ýarag bolmadyk enjamyň synagy 19-njy martda Gawaýide geçirilipdir.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti gipersoniki, ýagny sesiň tizliginden hem çalt hereket edýän ýaragyň synagynyň üstünlikli geçirilmegi, bu ýaragy özleşdirmek maksatlaryny ýakynladandygyny aýdýar.

Pentagonyň maglumatyna görä, üstünde ýarag bolmadyk enjamyň synagy 19-njy martda Gawaýide geçirilipdir. Ol muny 2020-nji ýyllaryň başlarynda ýa-da ortalarynda gipersoniki söweş mümkinçiliklerini özleşdirmek boýunça maksadyna ýetmekdäki möhüm tapgyr diýip häsiýetlendirdi.

“Şu gün biz gurluşymyzy tassykladyk. Indi biz gipersoniki urgyny amala aşyrmak mümkinçiliklerini döretmek ugrundaky nobatdaky tapgyra geçmäge taýýar” diýip, wise-admiral Jonny Wolfe beýanat bilen çykyş etdi.

“Ýarag kesgitlenen täsir nokadyna gipersoniki tizlikde uçdy” diýip, beýanatda bellenilýär.

Mundan üç aý töweregi ozal, Russiýa özüniň Awangard kysymly gipersoniki ýaragyny ulanyşa berendigini aýtdy.

Hytaý hem gipersoniki tizliklikde uçýan enjamy edinmek ugrunda tagalla edýär.

Bu görnüşli enjamlar raketa bilen 100 kilometre çenli beýiklige uçurylyp, soňra ondan bölünip aýrylýar. Ýokary hereketli bu enjamlar nyşana barýarka sesiň tizliginden bäş esse ýokary tizlikde hereket edip bilýärler.

XS
SM
MD
LG