Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 11 müň 500-e ýetdi


Dünýäde tassyklanan koronawirus hadysalarynyň sany 275 müň 500 boldy.

Dünýäde koronawirus ýokuşmasyndan ýogalanlaryň sany 11 müň 500 adama ýetdi. Ýewropanyň pandemiýanyň merkezine aýlanmagy bilen, dünýäde tassyklanan koronawirus hadysalarynyň sany 275 müň 500 boldy.

Jon Hopkins uniwersitetiniň 21-nji martda çap eden hasabatyna görä, Italiýa, bu keselden 4 müň 32 adamyň heläk bolmagy bilen, koronawirusdan iň kän adam ýitiren ýurt boldy. Italiýadan soň Hytaý gelýär, bu ýurtda 3 müň 259 adam öldi.

Hytaýyň 21-nji martda maglumat bermegine görä, bu ýurtda tertip üç gün bäri wirusa täze ýokuşan ýagdaýlar hasaba alynmandyr.

Wirusdan ýogalanlaryň resmi maglumatyna görä, Eýranda bu pandemiýadan ölenleriň sany 1 müň 556 adam bolup, bu ýurt adam ýitgisi boýunça üçünji ýerde durýar. Eýranyň Saglyk ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda wirusa täze 966, umumy hasapda bolsa 20 müň 600 adamyň ýokuşandygyny aýtdy. Emma eýranlylaryň köpüsiniň pikiriçe, Tährandaky hökümet bu ýurtda wirusdan ölenleriň sanyny azaldyp görkezýän bolmaly.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG