Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa koronawirus hassasynyň aradan çykmagyny ýurtda bu keselden ilkinji ölüm hasaplamaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Moskwanyň koronawirusa garşy krizis merkeziniň ýurt boýunça bu kesel bilen ýene 54 adamyň hasaba alnandygyny mälim etmeginden bir gün soň, 21-nji martda irden Russiýanyň resmi sanlary infeksiýa ýokaşanlaryň umumy sanyny 253 adam diýip görkezdi.

Koronawirus bilen näsaglan 79 ýaşly bir aýal aradan çykdy, ýöne rus häkimiýetleri onuň ölümini COVID-19 bilen baglanyşdyrmady, sebäbi, jeset barlagy onuň gan lagtalaşmagyndan ölendigini ýüze çykardy.

Ýöne 21-nji martda irden Jons Hopkins uniwersitetiniň global maglumat merkezi bu aýalyň ölümini Russiýada koronawirusdan hasaba alnan ýeke-täk ölüm diýip görkezdi.

Russiýanyň Sarp edijileri goramak boýunça federal gözegçilik gullugy ýurt boýunça 36 müňden gowrak adamyň koronawirus sebäpli lukmançylyk gözegçiligindedigini 21-nji martda mälim etdi.

Prezident Wladimir Putin 17-nji martda koronawirus pandemiýasyny “daşarky howp” atlandyrdy.

Putin rus raýatlaryna ýagdaýyň “umuman gözegçilik astyndadygyny” aýtdy.

Ýöne köp sanly orsýetli wirus boýunça resmi sanlara ynamsyzlyk bildirýär hem-de hakyky ýagdaýyň özlerine aýdylyşyndan has erbet bolmagyndan howatyr edýär.

Russiýa pandemiýa sebäpli daşary ýurtlularyň ýurda girmegini wagtlaýyn gadagan etdi. Şeýle-de, rus resmileri ýolagçy gatnawlaryna hem-de köpçülik ýygnanyşyklaryna çäklendirmeleri girizdi. Russiýanyň saglygy goraýyş edarasy “Russiýa gelýänleriň ählisiniň” lukmançylyk barlagy üçin üzňeleşdirilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG