Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan wirus aladalary sebäpli halkara uçar gatnawlaryny iki hepdelik togtadýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Pakistan koronawirusyň ýaýramagyny çäklendirmek üçin degişli çäreleri gören onlarça ýurda goşulyp, iki hepdelik möhlet bilen ähli halkara uçar gatnawlaryny ýatyrýar.

Pakistanyň Raýat awiasiýasy 21-nji martda ýaýradan beýanatynda bu gadaganlygyň şol agşam güýje girip, 4-nji aprele çenli dowam etjekdigini aýtdy.

Resmiler bu gadaganlygyň çarter gatnawlaryna-da degişlidigini mälim etdiler. Diplomatlara we ýük uçarlaryna ýurda gonmaga rugsat berilýär.

XS
SM
MD
LG