Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusa garşy Türkmenistan nähili çäreleri görýär? BSG bu keselden goranmak babatynda nämeleri maslahat berýär?


Tiz kömek ulagy. Illýustrasiýa suraty
Tiz kömek ulagy. Illýustrasiýa suraty

Gepleşigimiziň bu sanynda koronawirus keseline garşy Türkmenistanda görülýän çäreler barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşligi hem-de Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirusdan goranmak babatynda berýän maslahatlaryny diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Soňky 3 aýa golaý wagt bäri dünýäde koronawirus global pandemiýasy ýaýraýar. 21-nji martda dünýäde kesel ýokuşan adamlaryň sany 284 müňden, ýogalan adamlaryň sany 11 müňden aşdy. Keselden açylan näsaglaryň sany 90 müň adama golaýlady.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda koronawirus keseline garşy Türkmenistanda görülýän çäreler barada türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşligi hem-de Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirusdan goranmak babatynda berýän maslahatlaryna diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.

Häzirkizaman maglumat serişdeleriniň, sosial medianyň we beýleki tilsimleriň üsti bilen, koronawirus baradaky habarlar wirusyň özünden has çalt ýaýraýar. Türkmenistanda-da ýerli metbugatdan çen tutulsa, bu keseliň ýaýramagyna garşy käbir çäreler görülýär.

Häkimiýetler golaýda raýatlaryň welaýatara hereketini çäklendirdi. Ýöne bu barada döwlet mediasynda maglumat berilmedi. Eýsem, Türkmenistanda koronawirusa garşy nähili çäreler görülýär? Bütindünýä Saglyk Guramasy bu keselden goranmak üçin nämeleri maslahat berýär?

Koronawirusa garşy Türkmenistan nähili çäreleri görýär? BSG bu keselden goranmak babatynda nämeleri maslahat berýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00


XS
SM
MD
LG