ABŞ Senatynyň iň ýokary respublikan agzasy ýurt boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän zyýanyň öwezini dolmak üçin göreşilýän mahaly, kongresde taraplaryň $1 trillion dollarlyk ykdysady halas ediş tölegi babatynda ylalaşyga golaýlaýandygyny aýtdy.
“Biz bu krizisiň talap edýän tizliginde amerikalylara zerur bolan möhüm ýeňillikleri bermäge taýýardyrys” diýip, köplük lideri Miç MakKonnel (Mitch McConnell) iki günlük gyssagly gepleşiklerden soň, 22-nji martda çykyş etdi.
“Soňky iki gün bäri güýçli depginde alnyp barylýan ikitaraplaýyn gepleşikler çözgüde ymykly golaýlady” diýip, ol aýtdy.
Palatada respublikanlar köplük bolansoň, bu organyň gün tertibiniň we meýilnamalarynyň agramly bölegine MakKonnel gözegçilik edýär.
Senatdaky iň ýokary derejeli demokrat Çak Şumer (Chuck Schumer) CNN-e beren gürrüňinde ylalaşyk babatynda özüniň “örän umytlydygyny” aýtdy.
“Mälim bolan ýagdaýlar sebäpli işiňiz ýapyk bolany üçin işläp bilmeýän bolsaňyz, federal hökümetden doly aýlyk alarsyňyz hem-de bu dört aýlyk işsizlik ätiýaçlandyryşy ähli işgärleri öz içine alar” diýip, ol aýtdy.
22-nji martda iki partiýanyň hem dört kongres lideri ylalaşyk baglaşmak umydy bilen gazna sekretary Stiwen Mnuçin (Steven Mnuchin) bilen geçirjek duşuşgynda gepleşikleriň dowam etdirilmegine garaşylýar.