Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 13 müňe ýetdi, 300 müňden gowrak adama kesel ýokaşdy


21-nji martda tutuş dünýä boýunça koronawirusdan hasaba alnanlaryň sany 278 müňden aşan mahaly, ýewropa pandemiýanyň merkezi bolmaga dowam etdi.

Dünýäde ýüzlerçe million adamyň dynç güni 21-nji martda koronawirus “gulpunyň astynda” başlandy, dünýäde bu keselden ölenleriň sany 13 müňe golaýlady. Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaşlara olaryň hem “ýeňilmezek däldigi” barada duýduryş berdi.

Tutuş dünýä boýunça bu keselden hasaba alnanlaryň sany 278 müňden aşan mahaly, ýewropa pandemiýanyň merkezi bolmaga dowam etdi. Jons Hopkins uniwersitetiniň 21-nji martdaky sanlaryna görä, iň köp adam Italiýada öldi, 4825 adam, hem-de bu ýurtda kesel ýokaşanlaryň sany 53 müň adamdan aşdy.

Italiýadan soň 3,259 ölüm bilen Hytaý gelýär. 21-nji martda Hytaýda tapgyr üçünji gün bu kesele ýolugan adam hasaba alynmady.

21-nji martda bu keselden ölenleriň resmi sany boýunça Eýran dünýäde üçünji boldy, bu ýurtdan 123 täze ölüm habar berildi we jemi ölenleriň sany 1556 adama ýetdi.

Eýranyň saglyk ministrligi soňky 24 sagadyň dowamynda 966 adamyň bu keselden hasaba alnandygyny we infeksiýa ýoluganlaryň jemi sanynyň 20, 600 adama ýetendigini habar berdi. Köp sanly eýranly Tähran hökümetiniň wirusyň ýeten derejesini nätakyk görkezýändigine ynanýar.

Jons Hopkins uniwersitetiniň hasabatlaryna görä, Ispaniýa dünýäde infeksiýa uçran iň ýaramaz üçünji ýurt bolup, 21-nji martda ýurduň saglyk resmileri jemi 25 müňden gowrak näsagyň hasaba alnandygyny hem-de bu keselden ölenleriň sanynyň 1,375 adama ýetendigini mälim etdi.

Fransiýada 14,000-den gowrak adam infeksiýa ýolukdy we aradan çykan adamlaryň sany 562-ä ýetdi. Jons Hopkins uniwersitetiniň sanlaryna görä, 21-nji martda Germaniýada bu keselden ölenleriň sany 84 adamlygynda galdy, 22,000 näsag hasaba alyndy.

Resmi hasabata görä, Birleşen Ştatlarda 21-nji martda bu keselden ölenleriň sany 308-e, hasaba alnanlaryň sany 25,000-e ýetdi. Jons Hopkins uniwersitetiniň 21-nji martdaky maglumatlaryna görä, Beýik Britaniýada koronawirusdan 234 adam öldi we hasaba alnan adamlaryň sany 5,000-den geçdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG