Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň teklip eden ynsanperwer kömegini ret etdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Eýran ABŞ-nyň teklip eden ynsanperwer kömegini ret etdi. Prezident Hassan Rohani eger ABŞ Tährana koronawirusa garşy göreşmekde kömek bermek islese sanksiýalary ýatyrmalydygyny aýtdy.

"Amerikan liderleri ýalan sözleýärler. Eger olar Eýrana kömek berjek bolsalar, olaryň ähli etmeli zady sanksiýalary ýatyrmakdyr... Şonda biz koronawirus epidemiýasyna alaç edip bileris" diýip, Rohani 23-nji martda telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Eýran Ýakyn Gündogarda koronawirusdan iň uly ýitgi çeken ýurt bolup, bu ýerde 21 müň çemesi adam keselledi we 1700 adam öldi.

Waşington özüniň uzak wagtlyk garşydaşyna ynsanperwer kömegini hödürledi.

Emma Eýranyň baş ruhanysy aýatolla Ali Hamenei 22-nji martda ABŞ-nyň kömeginden ýüz öwürdi.

ABŞ koronawirusyň Eýrana garşy sanksiýalary gowşadyp bilmejegini aýdýar. Sanksiýalar Eýranyň nebitden gelýän girdejilerini azaldyp, ýurduň ykdysadyýetine uly zyýan berýär.

XS
SM
MD
LG