Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda koronawirusly 60 adam, Özbegistanda 46 hasaba alyndy


Almaty, Gazagystan, 16-njy mart, 2020
Almaty, Gazagystan, 16-njy mart, 2020

Gazagystanda koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 60 adama ýetdi. 23-nji martda irden mälim edilen bu san bir gün öň agşam hasaba alnan ýene bir adamy öz içine alýar.

Saglyk Ministrliginiň aýtmagyna görä, 31 adam paýtagt Nur-Sultanda, 25 adam ýurduň iň uly şäheri Almatyda, iki adam Karaganda regionynda, şeýle-de Almaty we Aktobe regionlarynda bir adamdan.

Almaty we Nur-Sultan 19-njy martdan bäri ýapyklygyna galýar. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Gazagystan Nowruz baýramçylygyndaky dabaralary, şeýle-de nasistik Germaniýanyň üstündäki ýeňişiň 75-nji ýyl dönüminde planlaşdyrylýan harby parady ýatyrdy.

Gazagystan COVID-19 bilen ilkinji kesellänleriň hasaba alnandygyny 13-nji martda yglan etdi.

Özbegistanda 23-nji martda koronawirusly hasaba alnanlaryň sany 46 adama ýetdi. Olarda bir adamdan başgalary 2.5 million ilatly Daşkentde.

Özbegistan koronawirus sebäpli 23-nji martda serhetleri ýapdy we 24-nji martdan başlap paýtagtyň ýapýandygyny yglan etdi.

Özbegistanyň paýtagtyna dürli transportlaryň gatnawy ýatyrylar, şol sanda awtobuslar, ýeňil awtoulaglar, awia we demir ýol transporty. Bu gadagançylyk diňe ýük daşaýan transporta degişli bolmaz. Daşkentde ýazga duran raýatlar hem goýberiler

Resmi maglumata görä, bu karara ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen gelnipdir.

XS
SM
MD
LG