Gyrgyzystan koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin ýurduň paýtagtynda we birnäçe şäherinde hem-de regionynda adatdan daşary ýagdaýy yglan edýär diýip, 24-nji martda gyrgyz prezidentiniň edarasy mälim etdi.
“Prezident Sooronbaý Jeenbekow ýurduň Bişkek, Oş we Jalal-Abad şäherlerinde, seýle-de Oş regionynyň Nukat we Kara-Suu etraplarynda hem-de Jalal-Abad regionynyň Suzak etrabynda adatdan daşary ýagdaýy güýje girizmek baradaky permanlara gol goýdy. Bu permanlar parlamente iberildi” diýlip, Gyrgyzystanyň prezident edarasynyň beýanatynda aýdylýar.
20-nji martda Nukat etrabynda koronawirus ýokuşan üç adamyň hasaba alnandygy habar berlenden soň, 21-nji martda ýerli häkimiýetler bu sebitde adatdan daşary ýagdaýy eýýäm yglan edipdiler.
25-nji martda güýje girjek we 15-nji aprele çenli dowam etjek adatdan daşary ýagdaý şertlerinde komendant sagady giriziler we jemgyýetçilik tertibini hem-de strategiki desgalarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin çäreler güýçlendiriler diýlip, beýanatda aýdylýar.
23-nji martda Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirusyň ýene 26 adama ýokuşandygyny aýdyp, bu wirus bilen kesellänleriň jemi sanynyň 42 adama ýetendigini yglan etdi.
Goňşy Özbegistanda koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen, 24-nji martdan başlap ýurduň baş şäheri Daşkent töwerekleýin ýapyldy.
Özbegistanda häzire çenli koronowirus ýokuşan adamlaryň 49 sanysy hasaba alyndy.
Özbegistan öz serhetlerini 23-nji martda ýapdy. Özbek hökümeti paýtagtdaky jemgyýetçilik transportynyň işini bireýýäm togtatdy we kärhanalaryň köpüsine öz işini uzak aralykdan dolandyrmagy buýurdy.