Koronawirusyň ilkinji gezek ýüze çykan ýerinde, ýagny Hytaýyň merkezi Hubeý welaýatynda syýahat çäklendirmeleri ýatyrylýar diýip, 24-nji martda resmiler aýtdylar. Bu welaýatyň daşy iki aý baglanypdy.
Gijäň ýaryndan soň sagdyn ýaşaýjylaryň welaýatdan çykmagyna rugsat berler. Ýöne şol bir wagtda, welaýatyň paýtagty Wuhan şäheri 8-nji aprele çenli ýapyk bolmagynda galar. Wuhan şäherinde koronawirus bilen ilkinji kesellän adamlar hasaba alnypdy.
23-nji ýanwardan başlap Hytaý adamlaryň Wuhan şäherine girmegini we ondan çykmagyny gadagan edipdi. Soňra bu gadagançylyk welaýatyň aglaba böleginde güýje girizilipdi.
Hubeýde indi bir hepdeden gowrak wagt bäri koronawirus bilen kesellän täze adamlar tas hasaba alynmady.
Hytaýdaky düýpli çäklendirmeler koronawirusyň ýaýramagyny belli bir derejede gözegçilik astynda saklan bolsa-da, häzirki wagt daşary ýurtlardan bu wirusyň ikinji tapgyrynyň gelmek ähtimallygy barada aladalar bar.