Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pompeonyň Kabula eden saparyndan soň Owganystana berýän kömegini azaltdy


23-nji martda Kabulda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşýar.
23-nji martda Kabulda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani (çepde) Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Owganystana berilýän kömegiň 1 milliard dollarynyň azalýandygyny we bu ýurt bilen hyzmatdaşlygyň çäginiň gaýtadan gözden geçirilýändigini yglan etdi.

Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň (Mike Pompeo) Kabula eden saparynda prezident Aşraf Ganini we öňki baş dolandyryjy Abdulla Abdullany özara duşmançylygy bes etmäge ynandyrmakda şowsuz bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Gani bilen Abdullanyň arasynda prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň üstünde dörän dawa sebäpli “Talyban” bilen geçen aý baglaşylan parahatçylyk ylalaşygy bökdençlige uçrapdy.

Pompeo Owganystana berilýän kömegiň azaldylýandygy baradaky karary 23-nji martda giçlik ýaýradylan beýanatda yglan etdi.

Beýanatda Pompeonyň gyssagly habar bilen Kabula gidendigi we "owgan halkynyň hatyrasyna eglişik etmegiň zerurdygyny düşündirmek üçin gös-göni ýurduň liderleri bilen gepleşendigii" aýdylýar.

Pompeonyň beýanatynda Birleşen Ştatlaryň Gani bilen Abdyllanyň "dolandyryş, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini çözüp, owgan raýatlarynyň saglygyny we hal-ýagdaýyny üpjün edip bilýän” hemme zady öz içine alýan hökümet barada ylalaşyp bilmeýändiklerine gynanýandygy hem aýdylýar.

Pompeo Gani we Abdylla bilen geçiren netijesiz duşuşyklaryndan soň, Talyban liderleri bilen duşuşmak üçin Pars aýlagyna uçdy.

XS
SM
MD
LG