Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Eýranda wirusdan ölenler 2 müňe golaýlady, Gyrgyzystan, Özbegistan paýtagtlaryny ýapýar


Tähran.Tajriş bazaryna Nowruz baýramyndan öň goranyş maskasyny we ellik geýip gelen aýal. 18-nji mart, 2020
Tähran.Tajriş bazaryna Nowruz baýramyndan öň goranyş maskasyny we ellik geýip gelen aýal. 18-nji mart, 2020

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 16 müňden geçdi, onuň 380 müňden gowrak adama ýokaşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze dem alyş keselleriniň ýaýramagyny haýallatmak ugrundaky synanyşyklarykäbir ýurtlarda köpçülikleýin bidüzgünçiliklere hem sebäp boldy.

Eýran

Eýran soňky 24 sagatda koronowirusdan azyndan 122 sany adamyň ölendigini, netijede, ýurtda bu dertden ýogalan adamlaryň umumy sanynyň 1934 bolandygyny habar berdi; prezident Hassan Rohani bu keseliň ýaýramagyny haýallatmak üçin görülýän çäreleriň çäginde hökümet işgärleriniň ýarysynyň öýlerinde galýandygyny aýtdy.

Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur 24-nji martda döwlet TW-sine bu kesel bilen kesellänleriň umumy sanynyň soňky 24 sagatda 1762 adam artyp, 24,811-e ýetendigini aýtdy.

Eýran bu wirusyň iň agyr zarba uran ýurtlarynyň biri bolup durýar. Döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, wirusdan ölenleriň arasynda ýokary ruhany lideri aýatolla Ali Hameneýiniň oglunyň gaýynenesi hem bar.

Rohani 24-nji martda döwlet TW-sine ýene bir goşmaça çäräniň görlendigini, wagtlaýyn türmeden boşadylan tussaglaryň azatlykda galmak möhletleriniň şu wagtky Farwardin aýynyň aýagyna, ýagny 18-nji aprele çenli uzaldyljakdygyny yglan etdi.

Eýran häkimiýetleri 9-njy martda 70 müň çemesi tussagy, koronowirus sebäpli, wagtlaýyn azatlyga goýberdi.

Eýran 23-nji martda Birleşen Ştatlaryň ynsanperwer kömegini bermek baradaky ýene bir gezek ret etdi, Rohani Waşingtonyň, Tährana wirusa garşy göreşde kömek etmek islese, sanksiýalary ýatyrmalydygyny aýtdy.

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar 2018-nji ýyldan, prezident Donald Tramp 2015-nji ýylda Tähran bilen dünýäniň alty döwletiniň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyny terk edip, sanksiýalary gaýtadan girizeli bäri ýokary bolmagynda galýar.

Gyrgyzystan, Özbegistan


Gyrgyzystan paýtagtda we birnäçe şäherinde, regionlarynda, koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin adatdan daşary ýagdaý girizer diýip, ýurduň prezident edarasy 24-nji martda habar berdi.

"Prezident Sooronbai Jeenbekow Bişkek, Oş we Jalalabat şäherlerinde, şeýle-de Oş sebitiniň Nookat, Kara-Suu etraplarynda, Jalalabat sebitiniň Suzak etrabynda adatdan daşary ýagdaý yglan etmek hakyndaky karara gol çekdi" diýip, prezident edarasy aýtdy.

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşi ilkinji gezek adatdan daşary ýagdaý girizmegi 22-nji martda maslahat berdi, hökümet şondan soň käbir çäklendirmeleri girizdi we her sebitde we şäherde barlag nokatlaryny döretmek ýaly çäreleri gördi.

Ýerli resmiler günortadaky Nookat şäherinde eýýäm 21-nji martda, bu ýerde üç adama koronowirus ýokuşandygy tassyk bolandan soň, adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.

Parlament tassyklanyndan soň, 25-nji martda güýje girjek we 15-nji aprele çenli dowam etjek adatdan daşary ýagdaý mahalynda komendant sagady giriziler we strategiki desgalarda jemgyýetçilik düzgün-tertibini we howpsuzlygyny üpjün etjek çäreleri güýçlendiriler diýip, beýanatda aýdylýar.

Bu karar çeperçilik we sport çärelerini, beýleki köpçülik dabaralaryny, şol sanda iş taşlaýyşlary, protest ýygnanşyklaryny, duşuşyklary, köçe ýörişlerini, demonstrasiýalary we piketleri hem gadagan edýär.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi 23-nji martda ýene 26 adama wirus ýokuşandygyny tassyklady we koronowirusdan dertlänleriň jemi sany 42-ä ýetdi.

Goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent, koronowirus pandemiýasynyň ýaýramagyny haýallatmak üçin, 24-nji martda ýapyldy.

Özbegistanda tassyklanan koronowirus hadysalarynyň 49 sanysy bar, näsaglaryň birinden başgasy 2.5 million ilatly şäher bolan Daşkentde ýaşaýar.

Özbegistan goňşy ýurtlar bilen aradaky serhetlerini 23 martda baglady we eýýäm paýtagtda jemgyýetçilik transportynyň hereketini togtadyp, edara-kärhanalaryň köpüsiniň işiniň uzak aralykdan ýöredilmegine geçilmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG