Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenistanly aýala koronowirus ýokuşdy


Aşgabat, tot-tozandan goranmak üçin, jemagat hojalygynyň işgärleri agyz-burunlaryny ýaglyk bilen daňyp işleýärler. Fewral, 2020.

"Türkmenistanyň hronikasy" neşiri, "Gündem Kribris" saýtyna salgylanyp, daşary ýurtda ýaşaýan türkmenistanlylaryň biriniň koronowirus keseli bilen näsaglandygyny habar habar berýär.

Demirgazyk Kipr türk respublikasynyň "Gündem Kibris" neşiriniň 22-nji martda beren maglumatyna görä, bu ýurtda koronowirus ýokuşanlaryň azyndan 38 sanysy ýüze çykaryldy we olaryň biri türkmenistanly ýaşuly aýal bolup durýar.

Neşir täze wirus ýokuşanlar baradaky maglumatlar ynamdar çeşmelerden alandygyny aýdýar we başga detallary açmaýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizis, işsizlik sebäpli, Demirgazyk Kipr türk respublikasy türkmen zähmet migrantlarynyň müňlerçesiniň ýaşaýan we işleýän ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Azatlyk radiosy ozal öz ýerli çeşmelerine salgylanyp, Türkmenistanda koronowis ýokuşan adamlaryň birnäçesiniň ýüze çykarylandygyny habar berdi, emma häkimiýetler bu maglumaty ret etdiler.

TH-nyň Aşgabadyň ýokanç keselleri hassahanasynyň işgärine salgylanyp berýän habaryna görä, wirus ýokuşanlar az däl, ýöne olaryň ählisine ORWI diagnozy goýulýar, ýagny Ýiti dem alyş wirusynyň ýokuşandygy aýdylýar.

Türkmenistan sebitdäki koronowrisy aladalary sebäpli Hytaýdaky türkmen studentlerini yzyna getirmek ýaly gyssagly çäreleri gördi, goňşy ýurtlar bilen serhetlerini baglady, halkara uçar gatnawlaryny we ýurt içindäki hereketi çäklendirdi.

Ýöne resmi Aşgabat, goňşy ýurtlardan tapawutlylykda, çagalar baglaryny, mekdepleri we ÝOJ-lary ýapmady, adamlary öýde galmaga we işlerini uzak aralykdan etmäge çagyrmady, Nowruz baýramyny belledi we öňde duran medeni çäreleri uly guramaçylyk astynda geçirmegi planlaşdyrýar.

Şeýle-de, türkmen hökümetiniň 13-nji martdsaky mejlisinde prezident we sagly ministri derejesinde yglan edilmegine görä, türkmen halkynyň ýüzärlik tütetmek, unaş içmek ýaly däpleri ýokanç kesellere garşy durmakda şu günki günde hem netijeli usul bolup durýar.

Emma ekspertler halk tebipçilik emleriniň we häzirki zaman medisinasynyň häzirlikçe bu kesele em bolup bilmeýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG