Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň häkimi Russiýada wirusa ýoluganlaryň sanynyň resmi görkezijilerden “juda” köpdügini duýdurdy


Rus prezidenti Wladimir Putin, premýer-ministr Mihaýil Mişustin we Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin Moskwadaky koronawirus maglumat merkezinde. 17-nji mart, 2020 ý.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin prezident Wladimir Putine ýüzlenip, Russiýada koronawirusa ýoluganlaryň sanynyň öňümizdäki günlerde göz-görtele artmagynyň mümkindigini duýdurdy. Bu aralykda, saglyk işgärleri wirus bilen kesellänleri ýüze çykarmak ugrundaky geçirýän testleriniň gerimini giňeltdi.

Russiýanyň Döwlet geňeşinde koronawirusa garşy göreş toparynyň ýolbaşçysy Sobýanin Moskwada wirusy anyklamak boýunça geçirilýän testleriň şu hepdäniň aýagyna çenli gündelik 3 müňden 13 müňe çenli artdyryljakdygyny mälim etdi.

“Bärde esasy mesele geçirilýän testleriň geriminiň juda çäkli bolmagyndan ybarat. Russiýadaky we dünýädäki ýagdaýlar babatynda doly anyklyk ýok” diýip, Sobýanin 24-nji martda Putine hasabat berdi.

“Görnüşine görä ýagdaýlar gaty çynlakaý” diýip, Sobýanin belledi. Ol Russiýada wirusa ýoluganlaryň sanynyň resmi görkezijilerden “juda” köpdügini hem duýdurdy.

Rus resmileri ýurtda koronawirusa ýolugan 495 adamyň üstüniň açylandygyny, şeýle-de bu wirusdan ýogalan ýekeje-de ýagdaýyň hasaba alynmandygyny aýdýarlar.

Russiýanyň keselhanalarynyň birinde koronawirusa ýokuşan bir adamyň aradan çykmagyna garamazdan, häkimiýetler hassanyň başga nähoşlyk sebäp ýogulandygyny öňe sürüp, ony wirusdan heläk bolanlaryň hasabatyna goşmadylar.

Emma, Jon Hopkins Uniwersiteti tarapyndan ýöredilýän global hasabatda bu ölüm koronawirus sebäpli ýüze çykdy diýlip kesgitlenildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG