Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD Kabuldaky ybadathana edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy


Owgan howpsuzlyk güýçleri Kabuldaky hüjümiň amala aşyrylan sebitine geldiler. 25-nji mart, 2020 ý.
Owgan howpsuzlyk güýçleri Kabuldaky hüjümiň amala aşyrylan sebitine geldiler. 25-nji mart, 2020 ý.

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýaragly jeňçileriň we janyndan geçenleriň bir topary sikhlaryň ybadathanasyna hüjüm edip, azyndan dört adamy öldürdi.

25-nji martdaky hüjümi anyk näçe jeňçiniň amala aşyrandygy häzirlikçe anyk belli däl.

Jeňçi toparlaryň internetdäki maglumatlaryny yzarlaýan SITE aňtaw toparynyň sözlerine görä, hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topary öz üstüne alypdyr.

Mundan öň, “Talybanyň” sözçüsi öz toparlarynyň bu hüjüme ilteşiginiň ýokdugyny aýdypdy.

Owganystanyň sikh jemgyýetine ýolbaşçylyk edýän, owgan parlamentiniň wekili Narender Singh Khalsanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ir ertir bilen amala aşyrylan hüjümiň bir pursadynda 150 töweregi adam ybadathananyň içinde gabalyp galypdyr.

Khalsa zamun alnanlaryň köpüsiniň ertirki ybadatlaryny amala aşyrmak üçin gelen aýallar we çagalar bolandygyny belledi.

“Ol ýerde köp maşgalalar bar” diýip, ol sözüne goşdy.

AP agentligi hüjümde bir çaganyň hem öldürilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG