Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da $2 trilliýon hemaýat paketi ylalaşyldy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-da koronawirusa garşy görülýän tagallalaryň fonunda 2 trilliýon dollarlyk hemaýat paketini kabul etmek barada ylalaşyldy. Bu Birleşen Ştatlaryň ykdysadyýetine we saglyk pudagynyň koronawirusa garşy alyp barýan göreşine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Bu hemaýat paketi barada ençeme gün gepleşikler geçirilipdi.

25-nji mart güni irden ABŞ senatorlary bilen Ak Tamyň bu paketiň şertleri boýunça ylalaşandyklary mälim edildi.

Hemaýat paketi boýunça Senatdaky ses berilişigiň 25-nji martda geçiriljekdigine garaşylýar.

Respublikançylar Senatda sesleriň 53-47 gatnaşygy bilen köplüge eýe. Emma, kanunyň ilerlemegi üçin ony 60 senatoryň goldamagy şertdir. Bu Demokrat senatorlaryň hem azyndan ýedisiniň muny oňlamalydygyny aňladýar.

Senatdan soň, hemaýat paketini Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýi hem tassyklamaly. Spiker Nensi Pelosi munuň gysga wagtda amala aşjakdygyna garaşýandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu kanuna gol goýjakdygyny aýdyp, kanunçykaryjylary gyssagly hereket etmäge çagyrdy.

“Kongres şu günüň özünde, hiç hili boş gürrüňsiz, bu ylalaşygy tassyklamalydyr. Muny näçe uzaga çeksek, ykdysadyýetimizi täzeden galkyndyrmak hem şonça kyn bolar. Biziň işçilerimiz kösener!” diýip, Tramp 24-nji martda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Demokratlar hemaýat paketinde göz öňünde tutulýan çäreleriň adaty işçilerden we maşgalalardan has köp korporasiýalaryň bähbitlerini araýandygyny aýdyp, oňa garşy çykypdylar. Şeýle-de, olar maliýe hemaýatyny soraýan kompaniýalar üçin beriljek 500 milliard dollar möçberindäki pul serişdeleriniň nähili harçlanjakdygy barada has köp aýdyňlygy talap edip, kanuny oňlamakdan boýun gaçyrypdylar.

XS
SM
MD
LG