Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda ýasama arakdan ölen türkmenleriň sany 40-a ýetdi we bu iş bilen bagly bäş adam tussag edildi


Illýustrasiýa suraty

Türkiýede ýasama arakdan zäherlenip ölen türkmenistanlylaryň sany 40-a ýetdi diýip, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi habar berýär. Bu aralykda, türk media serişdeleri bu waka bilen bagly bäş adamyň "bilkastlaýyn öldürmek ähtimallygy" aýyplamasy esasynda tussag edilendigini aýdýarlar.

Geçen hepde Stambulda koronawirusdan goranmak üçin ýasama arak içip, onlarça türkmenistanlynyň zäherlenip ölendigi barada Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri hem-de türk habar serişdeleri maglumat beripdiler. Şonda başga-da 30-dan gowrak türkmenistanlylaryň keselhana ýerleşdirilendigi, olaryň aglabasynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylypdy.

Türkmenistanyň ýüz öwren merhumlary Stambulda jaýlandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

Türkiýäniň "Hürriýet" neşiriniň 25-nji martda çap eden habaryna görä, ýasama arakdan ölen türkmen raýatlarynyň sany 30-a ýetdi we başga-da 20 adamyň saglyk bejergisi keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde dowam etdirilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan Stambuldaky çeşmesiniň habar bermegine görä, 23-nji martda ýasama arakdan ýene bir türkmenistanly öldi we heläk bolanlaryň jemi sany 40 adama ýetdi.

"Duşenbe güni aradan çykan bu türkmenistanly ýurduň Mary welaýatyndan bolup, ol 38 ýaşyndady" diýip, gizlinlik şertinde maglumat beren çeşmämiz 26-njy martda gürrüň berdi.

Geçen hepde türk lukmanlary türkmenistanly zähmet migrantlarynyň ýasama arakdan ölendigini tassykladylar. Türkiýäniň media serişdeleri türkmenistanlylara salgylanyp, olaryň koronawirusdan goranmak üçin ýasama araklardan içendigini habar berdiler.

Türkiýäniň "Sondakika.com" neşiriniň 25-nji martda giçlik çap eden habarynda bu waka bilen ilteşikli dowam etdirilýan derňew işiniň çäginde 10 şübheliniň tussag edilendigini mälim etdi.

"Stambulyň Bakyrköý kazyýetine geçirilen 10 şübheliden bäş sanysy "bilkastlaýyn öldürmek ähtimallygy" aýyplamasy esasynda tussag edildi. Galan bäş adam sud gözegçiligi astynda boşadyldy" diýip, türk neşiri belleýär.

Türkmenistanyň resmileri we habar serişdeleri onlarça türkmen raýatynyň Türkiýede heläk bolandygy barada häzire çenli kelam agyz söz aýtmadylar.

Geçen hepdäniň ahyrynda Azatlygyň çeşmesi Türkmenistanyň daşary ýurtda heläk bolan raýatlarynyň jesetlerini kabul etmekden ýüz öwürýändigini habar berdi. Onuň sözüne görä, Stambuldaky türkmen konsulhanasy Aşgabatdan bu barada görkezmäniň ýokdugyny aýdypdyr.

Munuň yzýany, 23-nji martda Azatlygyň çeşmesi türkmen häkimiýetlerinden umydyny üzen adamlaryň merhumlaryny Stambulyň gonamçylyklarynda jaýlap başlandygyny habar berdi. Azatlyk Radiosyna 24-nji martda gelip gowşan wideo ýazgyda türkmenistanlylaryň ençemesiniň Stambulyň gonamçylygynda jaýlanýan pursatlaryny görse bolýar.

Türk resmileri aragyň adamlary koronawirusdan goramaýandygyny aýdyp, ony içmezlik barada duýdurdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG